Ýakymly ysy, tagamy bilen tapawutlanýan alma witaminlere we minerallara baý, iň ýokumly miweleriň biri hasaplanýar. Almanyň düzüminde organiki turşulyklar, şeker, glýukoza, fruktoza, efir ýaglary, A, K, C, E, B6 witamini, kletçatka, pektin maddalary, mineral duzlar (demir, marganes, kaliý, natriý, kalsiý), fitnosidler we beýleki maddalar saklanýar.
Almanyň peýdasy barada geçirilen barlaglaryň netijesinde onuň ýürek-damar kesellerine we bedenimiziň goranmak ukybynyň güýçlenmegine täsiriniň uludygy anyklanyldy. Beýni we nerw ulgamynyň näsazlygy bilen ýüze çykýan huşsuzlyk, gürlemek kynçylygy, hereketiň agyrlaşmagy ýaly ýagdaýlaryň öňüni almakda hem alma peýdalydyr.
Alma iýmit siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrýar. Gandaky şekeriň mukdarynyň deňagramly bolmagy, süňklerimiziň berkligi üçin günde bir alma iýmek maslahat berilýär. Almanyň iýmit siňdiriş ulgamyna edýän oňyn täsirini alymlar öz ylmy işlerinde görkezipdirler. Amerikaly saglyk hünärmeni Kortni Anželo goşmaça agramdan dynmaga kömek etjek miwe barada maglumat berdi. Onuň bellemegine görä, horlanmaga kömek etjek iň oňat miweleriň biri alma, bu miwe gan basyşyny kadalaşdyrýar, holesteriniň derejesini peseldýär we aşgazan-içege ýagdaýyny gowlaşdyrýar.
Hytaý lukmançylygynyň taryhynda alma beden gyzgynlygyny düşüriji hökmünde giňden ulanylypdyr. Bu miwäniň düzümindäki käbir himiki birleşmäň ynsan bedenindäki içegeleriň işjeňligini artdyrýandygy we onuň düzümindäki zyýanly bakteriýalary ýok edýändigi mälim edildi.
Leýli BEGENJOWA,
TMÝG-niň Babadaýhan etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň