ÝAŞLAR — WATANYMYZYŇ BUÝSANJY

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy, şeýle hem ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny we sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, ýaş nesli watançylyga, ynsanperwerlige we zähmetsöýerlige mahsus ruhda terbiýelemek üçin mundan beýläk-de oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orny eýelemegi, köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmagy we saýlap alan ugry boýunça kämilleşmegi ugrunda döwlet tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň ähmiýeti uly bolup, ýurduň geljekki ösüşi şol syýasat bilen aýrylmaz baglydyr. Bu ugurda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ylmy barlaglar bilen meşgul bolýan ýaş raýatlary goldamak, ylmy-barlag institutlarynyň düzüminde ýaşlaryň ylmy gurnaklaryny we geňeşlerini döretmek, ýaşlaryň kompýuter we dil sowatlylygynyň esaslaryny çuňňur özleşdirmeklerini gazanmak, öwrenen bilimlerini ylym-bilim ulgamynda giňden ulanmaga çekmek boýunça işleriň gerimini giňeltmek, telekeçilige goldaw bermek, ýaşlary durmuş taýdan goldamak ýaly işleriň giňden durmuşa geçirilýändigini nygtamak ýerlikli bolsa gerek. Häzirki döwürde ýaş türkmenistanlylara kämilleşmek hem-de özleriniň zehinini, ukyplaryny, mümkinçiliklerini äşgär etmek üçin oňaýly şertler döredilýär. Ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen ýurdumyzda hereket edýän jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda ýylyň-ýylyna zehin bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.

      Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň medeni-köpçülik çärelerine gatnaşmagy, öz ýoluny döretmegi, zehinini kämilleşdirmegi, ylym-bilim babatda tejribe toplamagy, dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli başlangyçlary durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda gadymy döwürlerden bäri ýaşlara Watanyň daýanjy, ýurduň ösüşiniň esasy sütünleriniň biri hökmünde garapdyrlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ata-babalarymyzyň taryhy asyrlara uzaýan ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ýörelgelere täzeçe öwüşgin çaýylýar. Ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy ýurduň geljekki ösüş ugruny kesgitleýär. Ýaşlar hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bildirilýän ynamy ödäp, Türkmenistan Watanymyzyň ýagty geljegi ugrunda gujur-gaýratlaryny gaýgyrmaýarlar.

      Ýaşlary watansöýüjilik, halallyk ruhunda terbiýelemek, olaryň giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, ruhy taýdan arassa, kämil düşünjeli bolup ýetişmekleri ugrunda giň gerimli işleri wagyz edýän, ýaşlary goldaýan we olary höweslendirýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda özüniň 32 ýyllyk toýuny toýlaýar. 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen döredijilik gurultaýynda döredilen bu gurama gysga wagtyň içinde birnäçe döwlet ähmiýetli işleri durmuşa geçirmegi başardy.

 

 

Aýgül IŞANMÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Öňki makala

ALMANYŇ PEÝDASY

Indiki makala

SPORT DIPLOMATIÝASY

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY