TÜRKMENISTAN — BEREKET MEKANY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalygy pudagynda gazanylýan oňyn özgertmeleri, durmuşa geçirilýän beýik işleri her ädimde görmek bolýar. Şol özgertmeleýin maksatnamasynyň netijesinde oba hojalygynda uly üstünlikler gazanylýar, ýylyň-ýylyna ýerden bol hasyl alynýar. Bu hakykaty Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giňden bellenilip geçilen Hasyl toýunyň mysalynda hem görmek bolýar. Daýhanlaryň zähmetiniň netijelerini jemläp, türkmen topragynyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini alamatlandyrýan, bereketliligiň pasly hasaplanýan altyn güýzüň gözel günlerinde bellenilýän bu baýram oba zähmetkeşleriniň üstünliklerini alamatlandyrýar. Hasyl toýunda edermen daýhanlarymyzyň maňlaý derini döküp, irginsizlik bilen yhlasly çeken zähmetleriniň miweleri göz öňüňe gelýär.

Hasyl toýy janypkeş daýhanlarymyzyň arly ýyl çeken zähmetleriniň ýerine düşendigini, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ýene bir gez beýgelmegini alamatlandyrýan özboluşly baýramdyr. Hasyl toýy ene topraga bolan söýginiň yhlasa ýugrulyp, dünýä ýüzüne dabaralanmasydyr. «Ýykylsaň, ýere ýapyş» diýen paýhasly pähimi ýörelge edinen ýer eýeleri bu gün çeken halal zähmetiniň rähnetini görýär. Ekişe «Meniň elim däl, Babadaýhanyň eli» diýip başlaýan oba zähmetkeşlerimiz arly ýyllap mele ýere maňlaý deri bilen birlikde, yhlasyny hem siňdirýärler. Daýhançylyk — halalhon türkmen halkynyň gadymdan bäri meşgullanyp gelýän kesp-kärleriniň biri. Bu arassa käriň elmydama-da ynsana uly abraý getirýändigini durmuş hakykaty subut edep gelýär.

       Il arasynda «Daýhan baýasa, döwlet baýar» diýen aýtgy bar. Dogrudan hem halkyň azyklyk önümleriniň esasy öndürijisi bolan daýhanyň galkynmagy, onuň yhlasly işlemegi üçin oňaýly mümkinçilikleriň döredilmegi ýurduň ösüşine itergidir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda işlenip düzülen we durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň sebitlerini ösdürmek boýunça milli maksatnamada göz öňünde tutulyşy ýaly, oba ýerlerini abadanlaşdyrmak üçin ägirt uly maýa goýumlary gönükdirilýär. Oba hojalyk ýerleriniň suw üpjünçiligini we meliorasiýasyny gowulandyrmak, oba senagat toplumynyň tehnikalarynyň üstüni ýetirmek üçin uly möçberde maýa goýumlary bölünip berilýär. 2019-njy ýyldan başlap, döwlet tarapyndan bugdaýyň we pagtanyň satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Daýhan birleşikleriň sürüm meýdanlaryndan bugdaýy, pagtany we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirip, döwlete tabşyrmaga degişli bolan, şeýle hem gök we bakja ekinlerini, ýeralmany, üzümi we miweli agaçlary ýetişdirmek üçin oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalary döredildi.

       Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlarymyza uly ynam bildirilip «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan ýylymyzda-da ýurdumyzda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi we ýygnaldy. Azyklyk däne ýygnamak boýunça döwlet borçnamalaryny ýerine ýetiren türkmen gallaçylary ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar. Şeýle hem ýurdumyzyň edermen oba zähmetkeşleri «ak altynyň» hem bol hasylyny aldylar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy, azyk bolçulygynyň döredilmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýän babadaýhanlaryň arasynda ýaşlaryň hem sanynyň has köpelmegi bizi diýseň buýsandyrýar, jan Watanymyz Türkmenistanyň mundan beýläkde gülläp ösjekdigine bolan ynamymyzy hasam artdyrýar.

        Ýurdumyzda Hasyl toýunyň bellenmegi, oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň çeken zähmetine ýokary baha berip, olaryň birnäçesiniň döwlet sylaglary bilen sylaglanylmagy daýhanlaryň ruhuny belende göterýär. Şeýle uly işleriň we gazanylýan üstünlikleriň sakasynda duran, jan Watanymyz Türkmenistany ösüşleriň täze belentliklerine sary ynamly öňe alyp barýan, ýaşlarymyzyň hak Howandary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli mukaddes başlangyçlary rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin.

 

Nadira RAHMEDOWA,

TMÝG-niň Çärjew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR