EGSILMEZ BUÝSANJYMYZ — ÖŇDEBARYJY NESILLER

    1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy häzirki wagtda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesini, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň guramanyň öňünde goýýan beýik maksatlaryny durmuşa geçirmäge, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan wezipeleri ýaşlara giňden düşündirmäge işjeň gatnaşyp gelýär.

     32 ýyl bäri öňdebaryjy ýaşlardan ybarat agzalaryny özünde jemleýän Ýaşlar guramasy ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biridir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda guramanyň işi has-da giň gerime eýe boldy. Muny bu şanly ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetine resmi agzalyga goşulmagy hem aýdyň görkezýär.

     «Ýaşlaryň şäheri» adyna eýe bolan Arkadag şäherinde hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi hereket edip, işe başlanyna uzak wagt geçmändigine garamazdan, şäheriň çäginde hereket edýän orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlaryň agramly bölegini agzalyga kabul etdi. Meýilnamalaýyn işleri ýola goýmak bilen, häzirki wagtda guramanyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan gujur-gaýratly, ylymly, bilimli, watansöýüji, dörediji we gurujy ýaşlary terbiýelemek maksady bilen wagyz-nesihat çäreleri, maslahat duşuşyklary, sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Munuň özi oňyn netijesini berip, häzirki wagtda Watanymyza wepaly, türkmençilik ýol-ýörelgelerine ygrarly, zähmetsöýer nesiller kemala gelýär. Muny her ýylda yglan edilýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna gowşurylýan Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna Arkadag şäherinden ýaşlaryň 15-siniň eýe bolmagy-da tassyklaýar.

     Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň başlangyçlaryna, ukyp-başarnyklaryna, döredijilik gözleglerine, şol sanda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda, sebitde we dünýäde howpsuzlygy gazanmakda, durnukly ösüşi üpjün etmekde, ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda türkmen ýaşlary özleriniň ýiti zehinleri, ukyp-başarnyklary bilen saldamly goşant goşýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sözleri bilen aýtsak, milletimiziň agzybirligi, jemgyýetimiziň jebisligi, ýaş raýatlarymyzyň döredijilikli başlangyçlary bu gün bize içeri we daşary syýasatymyzy sazlaşykly alyp barmaga, döwlet gurluşyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de has-da kämilleşdirmäge oňyn şertleri döredýär.

     Nesip bolsa, geljekde hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesine eýerip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys, olar jemgyýetiň iň işjeň bölegidir» diýip, bildirýän beýik ynamyny ödäp, halal zähmet çekjek nesilleri terbiýelemek işlerini has-da giň gerimde alyp bararys.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

“Arkadag” gazeti. 23.11.2023ý.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 27 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 171 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 148 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY