Ýaňy-ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Siziň belent joşgunda ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryňyz biziň halkymyzyň dünýä dolýan ykbalydyr, at-abraýy, mertebe-şanydyr, ýüreklere egsilmez şatlyk paýlaýan täsin sungatdyr» diýen sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzda ýaşlaryň ruhy-ahlak taýdan ösmegini, milli medeniýetimize we sungatymyza hormat goýmaklaryny gazanmak, olaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda yglan edýän «Merdana nesil — 2023» atly şadyýan bäsleşiginiň Berkararlyk etrap tapgyry Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 80-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda uly dabara bilen geçirildi. Bäsleşikde 1-nji orna Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 80-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Öwezberdiýew Aýmuhammet, 2-nji orna Aşgabat şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Berkeliýew Şamuhammet, 3-nji orna Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 134-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Begenjow Annasähet dagylar mynasyp boldular.
Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Berkararlyk etrap Geňeşi tarapyndan bäsleşige gatnaşan okuwçylara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşanlar röwşen geljege tarap ynamly gadamlar bilen barýan ata Watanymyzda ýaşlaryň bagtyýar ýaşamagy, halal zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, röwşen ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Gulaýym AŞYROWA
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Berkararlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.