DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ULAG ÝOLY

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bolup geçýän ajaýyp wakalar, gazanylýan beýik ösüşlerdir ýetilýän mertebeli menziller eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Başlangyjy bilen 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher we etrap Geňeşleriniň bilelikde gurnamagynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Durnukly ösüşiň ulag ýoly» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çärä Türkmenhowaýollary agentliginiň howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň, Aşgabat şäherindäki demirýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň talyplary we birnäçe ýaşlar gatnaşdylar. Ýygnaga gatnaşan wekiller öz çykyşlarynda Garaşsyz hem-de baky Bitarap ýurdumyzda halkymyza, aýratyn hem şu günüň kuwwaty, geljegiň eýesi bolan ýaş nesillerimizi bagtyýar we bolelin durmuşyny üpjün etmekde dünýä nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreginden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

 

Baýramgül BAÝRAMDURDYÝEWA

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar