Ýurdumyzda soňky ýyllarda sport hereketini ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Ähli sebitlerde zerur enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, atçylyk sport toplumlary, sport mekdepleri we beýleki degişli desgalar guruldy. Paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, ýöriteleşdirilen lukmançylyk we anyklaýyş merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Şeýle binýatlaýyn esasda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy sport-sagaldyş ulgamyny döretmekde uly üstünlikler gazanyldy. Muňa anyk mysallaryň biri hökmünde täzeçil çözgütler esasynda gurlan Arkadag şäherini görkezmek bolar. Bu şäherde birnäçe sport desgalary — köpugurly sport toplumy, suw sport toplumy, 10 müň orunlyk stadion gurlup, ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi döredildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçen umumy sapagyndaky çykyşynda: «Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir we sagdynlykdyr. Sporta bolan söýgi durmuşa bolan söýgüdir. Sport siziň beden we ruhy sagdynlygyňyz babatda bolşy ýaly, tutuş jemgyýetimiziň sagdynlygy üçinem örän möhümdir» diýip belledi. Ýeri gelende nygtasak, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, umumybilim, ýöriteleşdirilen orta-hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe taýýarlygy boýunça hökmany sapaklar girizildi. Munuň özi ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin edilýän tagallalardan nyşandyr.
Ine, bu günki gün hem paýtagtymyz Aşgabat iri sport ýaryşynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, 23 — 28-nji noýabrda ak mermerli paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty geçirilýär. Ol türkmen sportunyň taryhyna nobatdaky ajaýyp sahypa bolup ýazylar.Türkmenistanda bu halkara ýaryşyň guralmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde çykyş edýän bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň, Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülýändiginiň nobatdaky güwäsidir.
Bezirgen ORAZMÄMMEDOW
TMÝG-nyň Aşgabat şäheriniň
Berkararlyk etrap Geňeşiniň başlygy.