Düýn Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtly myhmanlaryň paýtagtymyzdaky muzeýlere gezelençleri guraldy. Olar Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine we Şekillendiriş sungaty muzeýine baryp gördüler.
Muzeýler — islendik döwletiň dürli döwürlere açylýan gapylary. Şonuň üçin daşary döwletde bolnanda ýa-da gaýry bir şäherde, köplenç, adamlarda muzeýe baryp görmek islegi döreýär. Şeýle bolansoň, dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen myhmanlaryň bu gezelenje gyzyklanmasy uly boldy.
Ýurdumyzda muzeýleriň baý taryhy bar. Ilkinji muzeý toplamalarynyň taryhy XIX asyryň 90-njy ýyllaryna çenli uzaýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bolsa 1998-nji ýylda ozalky Taryh we etnografiýa hem-de Şekillendiriş sungaty muzeýleriniň birleşdirilmegi esasynda döredildi. Muzeýiň häzirki binalar toplumy şol ýylyň 12-nji noýabrynda açylyp ulanmaga berildi. Dürli ýyllarda «Türkmenistanyň Milli muzeýi», «Türkmenistanyň Baş milli muzeýi» ýaly atlary göteren muzeý häzirki derejesine 2013-nji ýylda eýe bolýar. Onda şanly taryhymyzyň döwürlerine degişli gymmatlyklaryň müňlerçesi saklanylýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň taryhy hem bir asyra uzaýar. Eger 1927-nji ýylda Döwlet ülkäni öwreniş muzeýiniň binýadynda ýörite bölüm döredilen bolsa, 1939-njy ýylda şekillendiriş sungaty boýunça aýratyn muzeý işläp başlaýar. 1998-nji ýylda Milli muzeýe birikdirilen şekillendiriş sungaty bölümi 2005-nji ýyldan bäri aýratyn muzeý hökmünde işläp gelýär.
Muzeýleriň ikisinde-de myhmanlar üçin taryhymyzyň dürli döwürlerini beýan edýän gymmatlyklar görkezildi. Dünýä çempionatynyň şeýle gyzykly gezelenç bilen başlanmagy myhmanlar üçin diýseň täsirli boldy. Ýaryşlaryň başlanjak gününe çenli myhmanlar üçin baý medeni maksatnama taýýarlanyldy. Olar Arkadag şäherine we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna hem baryp görerler.
«Türkmen sporty» gazeti.
24.11.2023 ý.