DÜNÝÄ DILLERI ÖWRENILÝÄR

      Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň baş maksady giň dünýägaraýyşly, bilimli, aň-düşünjeli, berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň umumy we ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamasynyň çäklerinde daşary ýurt dilleriniň ençemesi okadylyp, onuň hili has-da ýokarlandyrylyp, tejribeli we öz işine ussat hünärmenler kemala gelýär.

      Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek biziň alyp barýan işlerimiziň esasy maksady bolmalydyr. Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Bu gün türkmen ýaşlary belent maksatlara tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda okaýarlar, döredýärler, özlerine bildirilýän ýokary ynama mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar. Ata Watanymyzyň beýik geljegi ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagyna, ökde hünärmenler bolup ýetişmegine baglydyr.

      Türkmen halkynda «Dil bilen dünýäni gezer» diýen söz bar. Täze taryhy döwürde bu sözüň ähmiýeti, gymmaty has-da rowaçlanýar. Bu gün ýurdumyzyň orta, ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara dürli bilimleri bermek bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini hem öwretmäge uly üns berilýär. Bu ugurda bilim ulgamynda döwrebap tejribe toplanyldy. Ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara daşary ýurt dilleri ýörite meýilnamalar esasynda öwredilýär. Dil öwrenmek durmuşda derwaýys hasaplanýar.

      Daşary ýurt dillerini özleşdirmek talyplara akyl ýetiriş işjeňligini, netije çykarmak we umumylaşdyrmak başarnygyny görkezmäge mümkinçilik berýär. Daşary ýurt dilini öwrenmek şahsyýetiň kemala gelmegine, ýaş nesliň watançylyk, dostluk we ululara hormat goýmak ruhunda terbiýelenmegine şert döredýär. Islendik bilimi, dersi özleşdirmekde daşary ýurt edebiýatlaryny, dünýä tejribesini, internet täzeliklerini, şeýle hem innowasiýalary bilmek hökmanydyr. Daşary ýurt dillerinden baş çykarýan islendik hünärmen maglumatlara baý bolýar. Maglumatlary ýeterlik bolan hünärmeniň bolsa hünärinde ussatlyk derejesine ýetjegi ikuçsuzdyr.

      Häzirki ajaýyp döwrümizde dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Diňe bir öz ene dilimizi öwrenmek däl-de, eýsem, dünýä dillerini öwrenmek meselesi örän aýdyňlygy bilen çözülýär. Esasan, iňlis we rus dilleriniň ýokary derejede öwredilmegi türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerinde erkin gürlemeklerine, olaryň köpugurly bilimli bolmaklaryna gönükdirilendir. Daşary ýurt dillerini öwrenmekde bolsa ilki öz ene diliňi bilmek esasy şertleriň biridir.

      Uniwersitetimiziň tejribeli mugallymlary, professorlary talyplaryň höwesini we bilimini artdyrmaga çalşyp, dilleri goşmaça öwrenmek isleýänleriň başlangyçlaryna ýardam edýärler. Olar ýaşlary lingwistik olimpiadalara, bäsleşiklere gatnaşmaga, dilleri öwretmek we öwrenmek bilen bagly ylmy işleri ýazmaga höweslendirýärler. Daşary ýurt dillerini öwretmegiň dürli usullary, bu ugurda ylmy we öňdebaryjy tehnologiýalary, dünýä tejribesini ulanmaga bagyşlanyp yzygiderli geçirilýän daşary ýurt dillerindäki ylmy-amaly maslahatlar, şeýle hem daşary ýurtly kärdeşleri bilen tematiki onlaýn-maslahatlar geljekki hünärmenleriň hünär taýdan ösmegine ýardam edýär.

      Biz — bilim işgärleri geljekde-de ýaş nesle döwrebap bilim bermekde yhlasymyzy gaýgyrman göreldeli zähmet çekeris. Goý, ýurdumyzy ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

 

Almagül NAZAROWA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň

Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň

diller kafedrasynyň mugallymy.

 

«Mugallymlar» gazeti 25.11.2023ý.

Meňzeş habarlar