Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi, baky Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, etrabyň Andalyp şäher medeniýet merkezinde “Merdana nesil” atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyryny geçirdi. Merdana ata-babalarymyzyň asyrlar boýy dowam edip gelýän asylly däplerine, merdanalygyna uýmak, ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni, dost-doganlygy berkitmek, ula-kiçä sylag-hormaty terbiýelemek, kesp-kär, hünär öwrenmeklige höwes döretmek maksady bilen her ýyl geçirilmesi asylly däbe öwrülen bu şadyýan bäsleşigiň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyndaky 2-nji – etrap tapgyrynda orta mekdepleriň 3 – 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlar üç şert, ýagny, türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, Watana bolan söýgüni, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzda ýetilen üstünlikleri, ýürek buýsançlary çeper sözleriň üsti bilen beýan etmek, degişme sahnasyny görkezmek, berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler.
Eminler agzalary oglanlaryň sahnada özlerini erkin we rahat alyp baryşlaryna, lybaslaryna, aýdym aýtmak başarnyklaryna, aýdymyň sözleriniň saz bilen sazlaşygyna, arassa sözleýşine, bellenilen wagtda şertleri ýerine ýetirişlerine laýyklykda baha berdiler. Netije-de, 1-nji orna 94-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Kerwen Babaýew, 2-nji orna 86-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Didar Jumageldiýew, 3-nji orna 38-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Gurbanguly Ýagmyrow dagylar mynasyp boldular we olar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyrynyň ýeňijilerine we oňa işjeň gatnaşanlara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Sülgün PIRIÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.