Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

12-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi.

Ilçi döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ynanç hatyny gowşurdy hem-de pursatdan peýdalanyp HHR-nyň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen Täze, 2021-nji ýylda iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Milli Liderimiz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna hem-de halkyna bagtyýarlyk we abadançylyk barada arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, hususan-da, sebit möçberindäki möhüm taslamalary amala aşyrmakda strategik hyzmatdaş bolan Hytaý bilen däbe öwrülen dostlukly, özara hormatly gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalarynyň we sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpýyllyk netijeli türkmen-hytaý gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen asylly işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.