MERDANA NESIL – 2023 DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ BOLDUMSAZ ETRAP TAPGYRY

      Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi, baky Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, etrabyň 33-nji orta mekdebinde “Merdana nesil” atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyryny geçirdi. Her ýyl geçirilmesi asylly däbe öwrülen bäsleşigiň bu ýyldaky 2-nji – etrap tapgyrynda orta mekdepleriň 3 – 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlar üç şert, ýagny, türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, Watana bolan söýgüni, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzda ýetilen üstünlikleri, ýürek buýsançlary çeper sözleriň üsti bilen beýan etmek, degişme sahnasyny görkezmek, berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler.

Gyzykly geçen bäsleşikde 1-nji orna daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 57-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Röwşen Amanow, 2-nji orna 58-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Mährem Geldiýew, 3-nji orna 2-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Selim Galandarow hem-de 27-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Muhammet Gylyçgurbanow dagylar mynasyp bolup, olar bäsleşigiň 3-nji – welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

        Bäsleşigiň ýeňijilerine we işjeň gatnaşan okuwçy oglanlara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

 

Parahat SABYROW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Boldumsaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar