MERDANA NESIL - 2023 ATLY BÄSLEŞIGIŇ AŞGABAT ŞÄHER TAPGYRY GEÇIRILDI

      Garaşsyz ýurdumyz arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Eziz Watanymyzda halkymyzyň geljeginiň has nurana bolmagy ugrunda irginsiz alada edilýär. Durmuşymyzyň gülleri bolan bagtyýar çagalar aýratyn mähir, söýgi, üns-alada bilen gurşalýar. Bitaraplyk dünýäniň halklary we sebitleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan hem-de halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ýurt hökmünde Watanymyzyň abraýynyň has-da artmagyna getirdi. Ýer ýüzüniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak, iri halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.

      Baýramçylyga barýan toýly günlerimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Siziň belent joşgunda ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryňyz biziň halkymyzyň dünýä dolýan ykbalydyr, at-abraýy, mertebe-şanydyr, ýüreklere egsilmez şatlyk paýlaýan täsin sungatdyr» diýen sözlerden ugur alyp, ýurdumyzyň çagalarynyň, okuwçy ýaşlarynyň ruhy taýdan ösmegini, ahlak, edep häsiýetleriniň berkemegini gazanmak şeýle-de milli medeniýetimizi we sungatymyzy yzygiderli ösdürmäge, ösüp gelýän ýaş nesliň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlarynyň arasynda «Merdana nesil - 2023» atly şadyýan bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 77-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Emirhan Annamuhammedow 1-nji orna, Aşgabat şäheriniň 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Daýanç Durdyýew 2-nji orna, Birleşen Arap Emirliginiň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan Adyndaky Döwletliler köşgüniň 5-nji synp okuwçysy Kerim Bäşimow, Aşgabat şäheriniň 80-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Aýmuhammet Öwezberdiýew 3-nji orna, Aşgabat şäheriniň 106-njy orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Muhammetaly Gurbanow, Aşgabat şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Şamuhammet Berkeliýew, Aşgabat şäheriniň 145-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Perman Mämmetgulyýew, Aşgabat şäheriniň 56-njy orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Arslan Rozamuratow dagylar höweslendiriji orunlara mynasyp boldular. Ýaşlara okamaga, işlemäge döretmäge, döredijilik bilen meşgullanmana ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, halkymyzyň bagtly geljegi ugrunda alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!

 

 

Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň medeniýet we

köpçülikleýin habar beriş bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar