ÇYNAR RÜSTEMOWA MAGTYMGULYNYŇ 300 ÝYLLYGYNYŇ ÝUNESKO-NYŇ ŞANLY SENELERINIŇ SANAWYNA GOŞULMAGYNY TESWIRLEDI

     Prezident Serdar Berdimuhamedowyň goldawy bilen Türkmenistanyň teklip etmeginde, türkmeniň beýik, akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Çünki Magtymgulynyň eserlerinde raýdaşlyk, jebislik, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, ahlaklylyk we deňlik ýaly garaýyşlar agdyklyk edip, olar hut ÝUNESKO-nyň öňe sürýän ýörelgeleri bilen kybapdaş gelýär. Bu barada ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany

     Çynar Rüstemowa «Türkmenistan» gazetine beren interwýusynda belleýär.

     — Elbetde, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ÝUNESKO-nyň agzalan ugurlar boýunça taglymatlary bilen sazlaşykly bolmagy, ilkinji nobatda, beýik şahyrymyzyň giň dünýägaraýyşly, çuňňur sowatly, bilimli we durmuş hakyndaky ylymlary düýpli öwrenen öňdengörüji filosof, alym hökmündäki taryhy şahsyýetdigini tassyklaýar — diýip, Çynar Täjiýewna aýdýar.

     Onuň bellemegine görä, söz ussadynyň eserlerinde baryp XVIII asyrda gozgalan meseleleriň XXI asyrda ÝUNESKO-nyň öňe sürýän wezipeleri bilen kybapdaş we sazlaşykly gelmegi beýik türkmen şahyrynyň golýazmalar toplumynyň guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawynda müdimilik orun almagyna getiren möhüm şertleriň biri boldy.

     — Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny we doglan gününiň 300 ýyllygyny ÝUNESKO-nyň degişli sanawlaryna girizmek üçin alnyp barlan işleriň dowamynda biz bu guramanyň bilermenleri bilen şahyryň ömri, bilimi, durmuşyň ähli meselelerini öz içine alýan, olary aýnadaky ýaly aýdyň görkezýän ajaýyp eserleriniň jemgyýetimiz, tutuş adamzat üçin ähmiýeti babatynda ençeme gezek özara pikir alyşdyk. Şeýle halatlarda, her gezek bu guramanyň bilermenleri Magtymgulynyň eserlerinde raýdaşlyk, jebislik, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, ahlaklylyk we deňlik ýaly garaýyşlaryň agdyklyk edýändigini belläp, olaryň ÝUNESKO-nyň öňe sürýän ýörelgeleri bilen kybapdaşdygyna aýratyn ünsi çekdiler. Şol bir wagtda, ÝUNESKO-nyň bilermenleri Magtymguly Pyragynyň, edil jümmüşinde ýaşan ýaly, dünýä halklarynyň durmuşyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny gowy bilendigi, olary öz goşgularynda örän täsirli beýan edişi we munuň syrlary bilen hem içgin gyzyklandylar. Olar Gündogar edebiýatynyň ussat şahyrlary bolan Nowaýydan, Omar Haýýamdan, Firdöwsiden, Fizulydan tapawutlylykda, Magtymgulynyň öz goşgularynda zenanlaryň diňe bir daşky gözelligini çeper wasp etmäge däl, eýsem, jemgyýetde, durmuşda maşgalany, ojagy goraýan mährem ene, wepaly ýoldaş we syrdaş hökmünde eýeleýän möhüm ornuny açyp görkezmäge-de özboluşly çemeleşendigine aýratyn üns berdiler. Muny seýrek duşýan hakykat, ýagny fenomen hökmünde häsiýetlendirdiler. Bilermenler Pyragynyň bu babatdaky dünýägaraýyşlarynyň hem ÝUNESKO-nyň degişli ugurdaky ýörelgelerine rast gelýändigini haýran galmak bilen bellediler — diýip, Çynar Rüstemowa aýdýar.

 

turkmenportal.com

Meňzeş habarlar