BITARAP WATANYŇ BAGTYÝAR ÝAŞLARY

      Golaýda şeýle mazmunly şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde, şol mekdebiň talyplarynyň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirdi. Bu maslahat Halkara Bitaraplyk gününi hem-de baky Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen guraldy. Dabaraly maslahatda baky Bitaraplygymyzyň ýurdumyza berýän miweleri, eziz Diýarymyzyň üstünlikli dabaralanýan «Açyk gapylar» we daşary syýasaty, parahat Watanymyz babatda giňişleýin çykyşlar edildi. Maslahatda mekdebiň talyplar aýdym-saz topary dürli dillerde ajaýypdan-ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdiler. Diňlenen aýdymlaryň we edilen çykyşlaryň täsirliligi dabaraly baýramçylyk maslahatyna gatnaşanlara unudylmajak pursatlary ýaşatdy.

 

Ýazjemal BAZAROWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar