SPORTDA AÝDYŇ NETIJELER

      Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda netijeli sportuň, köpçülikleýin we sagaldyş hereketiniň durmuşa ornaşdyrylmagy üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

      Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär, ýurdumyzyň halkara sport abraýy ýokary derejelere ýetýär. Dünýäde halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge ukyply döwlet hökmünde ykrar edilen eziz Diýarymyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejedäki ýaryşlaryň geçirilmegi sport boýunça milli strategiýamyzyň iş ýüzündäki ajaýyp beýanyna öwrülýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly senelere, möhüm wakalara beslenýär. Ine, ýurdumyzda möhüm wakalaryň biri — paýtagtymyzda geçen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty hemmeleri haýrana goýdy. Taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň biziň ýurdumyzda geçirilmegi, türkmen halkyny, aýratyn hem ýaşlary begendirdi. Aşgabat şäherinde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna dünýäniň sport muşdaklary uly gyzyklanma bilen seretdi. Biz Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary bolup geçirilen çärelere işjeň gatnaşyp, öz hünär derejämizi artdyrdyk. Ýaşlara okamaga, öwrenmäge, şeýle halkara ýaryşlara gatnaşyp, saýlap alan hünärimiziň ussady bolmaga döredýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Batyr ORAZOW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport

institutynyň öwreniji mugallymy.

 

«Türkmen sport» gazeti.

30.11.2023ý.