Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli bolmagyny gazanmak, ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetlerini terbiýelemek maksady bilen, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn ruhly, berk bedenli, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, päk ahlakly ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda birnäçe dünýä nusgalyk giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýaşlar üçin edilýän aladalara jogap edip ýaş nesillerimiziň arassa ahlakly, ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar bolup ýetişmelidikleri dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döwlet berkararlygyny, il agzybirligini barha berkidýän, asuda, abadan ýaşaýşymyzy dowamata atarýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Umyt BAÝHANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň başlygy.