Türkmen halkynyň milli medeni ösüşi ençeme taryhy şahsyýetler bilen baglydyr. Bu ösüşde olaryň ýerine ýetiren hyzmatlaryna, gadyr-gymmatyna mynasyp baha bermek, halkyň duýgy-düşünjesine, psihologiýasyna, pähim-paýhasyna – onuň tutuş ruhy dünýäsine hormat goýmakdyr. Türkmen edebiýatynyň ösüş taryhynda Magtymguly Pyraga esasy orun degişlidir. Parasatly şahyr türkmen edebiýatyny mazmun taýdan baýlaşdyran, halkylygy, milliligi ösdürip, durmuş bilen baglanyşdyran beýik söz ussadydyr. Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar.
Magtymgulynyň şygryýet älemi – türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi. Bu çeşme gözbaşyny Oguz handan, Gorkut atadan, Görogly begden alyp gaýdyp, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelge edinen ynsanperwerliginden, yşkdan we gözellikden ylham alýar. Şahyryň belent adamkärçilik baradaky garaýyşlary, çuň manyly öwüt-ündewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze hyruç, täze ylham bilen gurşalan bagtyýar türkmen halkynyň kalbynda ruhubelentligi döredýär.
Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýä ýatlamasy» sanawyna girizilmegi milli edebiýatymyzyň häzirki wagtda pajarlap ösýän taryhyna ajaýyp täzelik boldy. Bu çözgüt şu ýylyň 24-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça Ýerine ýetiriji Geňeşiniň 216-njy mejlisinde kabul edildi. Munuň özi, akyldar şahyryň nusgawy şygyrlarynyň dünýäde ykrar edilendiginiň aýdyň beýanydyr.
Magtymguly atamyzyň belleýşi ýaly:
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň
- diýip, halkymyzyň agzybirligi, jebisligi hakda eden arzuwlary bu günki gün biziň bagtyýar günlerimizde wysal bolýar. Bu gün ykbaly belentliklere göterilen Türkmenistan Watanymyz parahatçylyk, asudalyk, agzybirlik höküm sürýän kuwwatly ýurda öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň öňi syrasynda geçirilýän ylmy maslahatlar, medeni çäreler Magtymguly Pyragynyň adamzadyň ruhy-medeni gymmatlyklarynda tutýan ornuny ýene bir gezek açyp görkezýär. Nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligini dünýä ýaýmakda uly möçberli işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik tutumly işleri hemişe rowaç alsyn !
Ýakup ATABAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap Geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.