KERAMIKA SUNGATYNYŇ ÝAŞ ZEHINLERI

     Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy – ruhy baýlygyň ojagy. Munda, yzygiderli gurnalýan sergilerde ussatlyk bilen ýerine ýetirilen sungat eserleri tomaşaçynyň aňynda galýar, kalbynda müdümilik orun alýar. Sungat ojagynda 2016-njy ýyldan bäri her ýylyň dekabr aýynda “Gujurly ýaşlar” atly talyplaryň we uçurymlaryň döredijilik bäsleşik sergisi uly dabaraly ýagdaýda geçirilýär. Döredijilik serginiň ýola goýulmagy, ýaşlarymyzyň sungat hakdaky düşünjeleriniň kämilleşmegine uly itergi berýär. Bilim alýan zehinli ýaşlarymyzyň sanynyň artmagyna we olaryň saýlap alan hünäriniň hak eýesi bolmaklaryna giň ýol açýar. Netijede çeper eserleriniň üsti bilen tomaşaçynyň dünýäsine ýol saljak, sungat muşdaklarynyň söýgüsini gazanyp biljek, täze nesliň döredijilik aýratynlyklarynyň ýüze çykmagyna getirýär.

     Her ýylyň dekabr aýynda geçirilýän döredijilik sergisinde Döwlet çeperçilik akademiýasynyň  uçurymlarynyň we talyp ýaşlarynyň ýylyň dowamynda ýerine ýetiren iň gowy eserleri görkezilýär.

     Ýakynda geçirilen Gujurly ýaşlarymyzyň döredijilik sergisinde şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, grafika, binagärlik, dizaýn, amaly-haşam sungatynyň zergärçilik, halyçylyk, keramika ugurlary boýunça döredilen eserleriň hem-de sungaty öwrenijileriň taýýarlan kitapçalarynyň temasy, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we taýsyz tagallalary netijesinde Gojaman Köpetdagyň eteginde öwşün atýan ak mermerli binalar bilen gurşalan Arkadag şäheriniň ajaýyp keşbine şeýle-de, Gündogar edebiýatynyň görnükli wekili, beýik ynsan Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlandy.

     Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungatynyň keremika hünärinde bilim alýan talyp ýaşlarymyzyň döredijilik eserleri giň mazmunlylygy bilen tapawutlanýar. Ýaş zehin Bahar Bakyýewanyň “Magtymguly Pyragynyň şygyrlar ýygyndysyndan taslanan güldanlar toplumy” atly döredijilik eseri diýseň täsirli ýerine ýetirilipdir. Goňur toýun palçygynyň, ak forforyň, angobyň, pigmentiň we altynsöw öwüşginini berýän reňsiz syrça serişdeleri ulanylan keramika güldanlary özüniň ajaýyplygy bilen saýlanýar. Ýaş suratkeş güldanlaryň nagyşlaryny we bezeg şekillerini iňňe bilen çyzyp, ajaýyp sudurlary ýerine ýetirýär.

     Güldanlar  agras äheňli bolup, onda relýef sütünleri görkezilen, gümmeze meňzeş bolan gapaklary gadymy binagärlik desgasyny ýatladyp, Magtymguly Pyragynyň okan medreselerini aňladýar. Güldanlaryň ýokary böleginde gümmez şekilli gök reňkli gapagy bar. Gök reňkiň saýlanyp alynmagy,  dana akyldaryň ylym-bilim dünýäsiniň giň ummanyny düşündirýän arassa asmanyň mysalynda ýaş suratkeşiň döredijilik pikirine girizilýär.  Güldanlaryň taslamasynda şahyryň goşgy setirleri öz beýanyny tapýar.

     Ýaş talyp Şemşat Ýowşanowanyň “Türkmen alabaýy” atly keramika toplumynda bir sany güldan bilen,  iki sany mejimäniň haşamlanan görnüşi ýerine ýetirilýär. Mejimeleriň birinde bahar paslynyň gül-gunçalyga beslenen ajaýyp görki bilen sazlaşykda, asyryň beýik gurluşygy hökmünde dünýäniň ünsüni özünde jemlän täze gurlan Arkadag şäheriniň döwrebap binalarynyň keşbi suratlandyrylýar. Eseriň daşky zolagynyň düşegi topragyň reňkinde bolup, ýüzünde türkmen haly nagyşlary bilen şekillendirilýär. Beýleki mejimäniň taslamasynda Arkadag şäherimiziň aýly gijesiniň ajaýyp görki beýan edilýär. Geçmiş taryhymyzyň ýaňy hasaplanýan ritonyň şekili hem-de ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşyny wasp edýän ajaýyp şekiller çeper beýan edilýär. Şeýle-de türkmen tebigatynyň gözel keşbiniň, keşde nagyşlarymyzyň, syýa ýeleginiň şekilleri siňdirilip çeper oýlanyşykly çözülýär.

     Ýaş talyp Oguljeren Aganyýazowanyň diptih keramika taslamasynda beýik akyldaryň keşbini bagtyýar durmuşymyz bilen baglanyşdyryp ýerine ýetirýär. Keramika güldanlaryň birinde Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” atly goşgusynyň  mazmunynda wasp edilýär. Şahyryň “Türkmeniň” atly goşgusynda tarypy edilýän türkmen sährasynyň dagdan inýän çesmesi, dag-düzlügi, düýeli çölüni, bedew münen goç ýigidini, arassa asmanda ganat ýaýýan laçyn guşunyň keşbi şekillendirlip, beýik şahyryň nurana keşbi tebigatyň gözelligini synlap duran pursadynda görkezilýär. Taslamanyň daşy nagyş ulgamyna salnan  arkanyň şekilinde jemlenýär. Eseriň beýleki tarapynda bolsa bagtyýar döwrümiziň şamçyragy bolan Arkadag şäheriniň beýik binasynyň şugla saçyp durmagy, bulutlaryň arasynda Akhanyň çarpaýa galyp, galkynyp duran çeper keşbi taslamanyň mazmunyny açyp görkezýär. Keramika güldanlaryň ikinjisiniň taslamasynda ynsan duýgusy berlen türkmen bedewiniň, mahmal owazly dutaryň çeper keşbi beýan edilýär. Güldanyň beýleki tarapynda hem bolsa owadan türkmen ýaýlasynda şaý-sepler bilen bezelen ahalteke bedewiniň çeper keşbi suratlandyrylýar.

     Zehinli ýaşlarymyzyň döwrebap milli keremika sungatynda ata Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan döredijilikli täze eýýamymyzyň üstünlikleri çeper garaýyşlar bilen wasp edilýär.

 

Bilbil ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik

akademiýasynyň uly ylmy işgäri.

Meňzeş habarlar

05 Oktýabr 2024 | 0 okalan

UÇÝAN TEHNOLOGIÝALARYŇ ŞÄHERI

05 Oktýabr 2024 | 0 okalan

DÜNÝÄNIŇ IŇ BAGTLY ŞÄHERI

05 Oktýabr 2024 | 3 okalan

HAZAR DIPLOMATIÝASYNYŇ TÜRKMEN NUSGASY