TÜRKMEN WEKILIÝETI ÝUNESKO-NYŇ MADDY DÄL MEDENI MIRASY GORAMAK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA KOMITETINIŇ 18-NJI MEJLISINE GATNAŞÝAR

     Şu ýylyň 4-nji dekabrynda Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Dabarada ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň medeniýet işleri boýunça orunbasary Ernesto Ottone şeýle hem Botswana Respublikasynyň prezidenti Erik Kibetswe Masisi çykyş etdiler.

     Mejlisiň işine ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakyndaky konwensiýasyna agza bolan 181 döwletiň, şeýle hem hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili Maksat Çaryýew we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa ýurdumyza wekilçilik edýär.

     Mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komiteti Konwensiýanyň dürli sanawlaryna girizmek maksady bilen agza-döwletler tarapyndan hödürlenen jemi 55 sany hödürnama seredilmegine garaşylýar. Olarda 45-si Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna, 6-sy gyssagly goraga mätäç maddy däl medeni mirasyň sanawyna girizilmäge hödürlenendir. Olaryň arasynda Türkmenistan tarapyndan hödürlenen “Ahalteke atlaryny seýislemek sungaty we atlary bezemek däpleri” atly hödürnama seredilmegi meýilleşdirilýär.

     ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni miras boýunça hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisi şu ýylyň 9-njy dekabryna çenli dowam eder.

 

unesco.gov.tm

Meňzeş habarlar