Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi etrabyň medeniýet merkezinde edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda, baky Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, “Hemişelik Bitaraplyk – mizemez binýadymyz” atly dabaraly maslahat geçirdi. Maslahatda çykyşlara we gutlaglara giň orun berildi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyz asuda, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Baky Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan ýurdumyz parahat durmuşy pugtalandyrmakda uly işleri amala aşyrýar. Eziz Watanymyz Birleşen Milletler Guramasy bilen ähli ugurlarda gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge aýratyn üns berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda, üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Bu bolsa, Diýarymyzyň ösüşini has-da belende galdyrýar diýip, çykyş edenler uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Dabarada etrabyň çeper höwesjeňleriniň şowhunly çykyşlary oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.
Öwezmyrat TEKÄÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Şabat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.