TÜRKMEN SPORTY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde eziz Diýarymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülýär. Munuň özi, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we adamlaryň jan saglygyny berkitmek üçin ähli zerur bolan mümkinçilikleri özünde jemleýän ynsanperwer syýasatyň özeninde sporta möhüm ornuň degişlidigini aýdyň görkezýär. Sagdyn adam hemişe şähdaçyk, maksada okgunly, ruhubelent bolýar. Sport bilen meşgullanmak her bir adam üçin saglygy berkitmegiň we özünde döräp biljek islendik keseliň öňüni almagyň iň amatly usulydyr. Sport arkaly öňde goýlan maksatlara we belent sepgitlere ýetilýär, durmuşa höwes we ynam gazanylýar. Ýurdumyzda her bir ynsanyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy ugrunda döwletimizde ägirt uly işler amala aşyrylýar.

    Sport ýaryşlaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmekde ýurdumyzyň ýokary tejribesi bar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny, Guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça Dünýä çempionatyny, windsörfing halkara ýaryşynyň tapgyryny, Ralli ýaryşlaryny kabul edip, bu ugurda baý tejribe toplady. Mahlasy, özboluşly türkmen tejribesi halkara sport baýramçylyklaryny, ýaryşlaryny ýatda galyjy, täsirli we gyzykly geçirmegi başarýar.

    Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen, türkmen sportunyň ösýär we dünýä jemgyýetçiliginiň belent ykrarnamasyna eýe bolýar. Şeýle döwletli işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Akjemal NURYMOWA,

Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň

pensiýa gaznasy bölüminiň hünärmeni,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI