Golaýda Awaza Milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Gämi» myhmanhanasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň üstünlikli jemlenmegi mynasybetli ýaşlar bilen geçiriljek halkara ylmy maslahaty dogrusynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Onda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler dogrusynda buýsançly gürrüňler uly many-mazmuna eýe boldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz-tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn ruhly, berk bedenli, ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, päk ahlakly ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda birnäçe dünýä nusgalyk işleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, döwlet berkararlygyny, il agzybirligini barha berkidýän, asuda, abadan ýaşaýşymyzy dowamata atarýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Güljemal BAÝLYÝEWA,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher
Geňeşiniň esasy hünärmeni.