BAÝRAMÇYLYK SÖWDASY GYZGALAŇLY DOWAM EDÝÄR

      Halkymyzda toý-baýramlara taýýarlykly barmak, baýramçylyk saçaklaryny dürli näz-nygmatlar bilen bezemek asylly däpdir. Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda ak bazarlarymyzyň, söwda merkezleriniň dürli harytlar bilen baýlaşmagy saçaklaryň berekedini öňküden-de artdyrýar. Bu babatda, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň tagallalary bilen paýtagtymyzyň we etraplarymyzyň, Arkadag şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň söwda nokatlarynda baýramçylyk söwdasy gyzgalaňly dowam edýär. Ýerli önüm öndürijileriň azyk we senagat önümleriniň dürli görnüşleri bilen baýlaşan bazarlaryň mähellesi ýeterlik. Muňa biz Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň paýtagtymyzdaky «Gülüstan» döwlet söwda merkezine baranymyzda-da göz ýetirdik. Uzaboýuna ýerleşýän gupba ýaly ak çadyrlaryň bezegindäki Täze ýyl öwüşginleri, dürli görnüşli sowgatlar barha golaýlaýan baýramçylygyň ýakymly duýgularyny bagyş edýär.

 

      Adatdaky ýaly, körpejeler muny ilki duýan bolmaly. Olar eýýäm ata-eneleriniň elinden tutup, Täze ýyl sowgatlaryny, Täze ýyl arçalaryny alýarlar. Hawa, paýtagtymyz Aşgabadyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň we etraplarynyň söwda merkezlerinde, bazarlarda, dükanlarda baýramçylyk söwdasynyň gyzygy-gyzgalaňy barha artmak bilen. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hözirini görüp ýaşaýan bagtyýar ildeşlerimiziň köňüllerinde buýsanç bar. Bereketli Diýarymyzda halkyny bolelin durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun! Ýetip gelen Täze ýylyňyz gutly bolsun!

Enebaý GELDIMYRADOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 5 okalan

ENE HÜWDÜSI

22 Noýabr 2024 | 2225 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY