BULARY BILMEK GYZYKLY

  1. Muhammet Ali ady bilen taryha giren dünýä belli boks ýyldyzy heniz 12 ýaşyndaka sportuň bu görnüşi bilen meşgullanyp başlapdyr. Munuň sebäbi şol wagtda täze satyn alan welosipediniň ogurlanmagy we eger ogryny tapaýsa onuň mazalyja almytyny bermek islegi bilen baglanyşyklydyr.
  2. Heniz boks älemine aralaşanyndan uzak wagt geçmänkä, ol dünýä derejesinde geçirilen halkara ýaryşlarynda çykyş edip başlaýar. Ol 1960-njy ýylda geçirilen Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan agyr agramdaky boksçylaryň arasynda iň ýaşydyr. Muhammet Ali ýaşlygyna garamazdan jemleýji duşuşygynda polşaly tejribeli boksçy Zbignew Petşikowskiden üstün çykyp, Olimpiýadanyň altyn medalynyň eýesi bolmagy başaran iň ýaş boksçy hökmünde taryha girdi.
  3. Muhammet Ali professional sportda 20 ýyldan gowrak wagt bolup, jemi 61 duşuşyk geçirdi. Şolardan 56-sy Muhammet Alinyň peýdasyna çözüldi. Has gyzykly ýeri bolsa, 37 gezek wagtyndan öň “nokaut” bilen ýeňiş gazanmagydyr.
  4. Muhammet Aliniň Çak Wepneriň garşysyna geçiren duşuşygy dünýä belli kino ýyldyzy Silwester Stallony kinosöýüjileriň arasynda uly meşhurlyk gazanan “Rokki” filmini döretmäge ruhlandyrdy.
  5. Jorj Forman, Çak Wepner ýaly tejribeli boksçylary “nokaut” bilen ýeňmegi başaran ýeke-täk boksçy hem Muhammet Alidyr.
  6. Döwrüň iň meşhur türgenini kesgitlemek maksady bilen “Associated Press” žurnaly tarapyndan geçirilen pikir soraşmalara laýyklykda, Muhammet Ali 1993-nji ýylyň iň meşhur türgenidir.
  7. Muhammed Alinyň urgusynyň tizligi dünýäni haýrana goýan Brýus Liniň urgusynyň tizligi bilen deňdir.
  8. Sport ýyldyzlary barada ýazylan kitaplaryň iň köpüsi Muhammed Ali baradadyr.
  9. Ady Golliwudyň Şöhratlar alleýasynda ýerleşdirilen ýeke-täk sport ýyldyzy hem Muhammed Alidyr. Has gyzykly ýeri bolsa, onuň adynyň beýleki ýyldyzlaryňkydan tapawutlylykda diwarda ýerleşdirilmegidir.
  10. Ýeri gelende bellesek, “Biz Patyşakak” atly filmi üçin Oskar baýragyna mynasyp bolan boksçy hem Muhammed Alidyr.

 

Seýitmyrat GARRYÝEW,

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň

institutynyň mugallymy.

 

Meňzeş habarlar