TÄZE ÝYL KOSMOSDA NÄHILI GARŞY ALYNÝAR?!

       Täze ýyl dabaralary diňe bir Ýer ýüzünde däl, eýsem kosmos giňişliginde hem bellenilip geçilýär. Orbitada Täze ýyly ilkinji gezek 1978-nji ýylda sowet kosmonawtlary Georgiý Greçko bilen Ýuriý Romanenko «Salýut-6» stansiýasynda garşy alýar. Russiýaly kosmonawtlar orbitada sowet kino taryhynda hakydada galan meşhur «Ykbal oýny ýa-da özüňizi guş ýaly ýeňil duýuň» filmine syn edýärler. Olar adatça kosmosda saçagy adaty iýmitler we miweler bilen bezeýärler we ilýuminatordan ýerde atylýan salýutyň yşyklaryna tomaşa edýärler. Sebäbi astronomlaryň bellemegine görä, ýerde atylýan salýutyň ýagtylygy bilen ýeriň daşyndaky ýagtylykdan örtük emele gelýär.

       2000-nji ýyldan başlap, kosmos giňişliginde nobatçylyk ýola goýuldy. Nobatçylyk döwründe ekipažda medeniýetine, dinine we milletine laýyklykda, Täze ýyly garşy almaga mümkinçilik döredilýär. Stansiýada dürli wagt zolaklaryna sereden-de, orbitada 16 gezek Täze ýyly bellemäge mümkinçilik bar. Köplenç, kosmonawtlar ýerdäki wagt guşaklygyna baglylykda, 3-4 gezek belleýärler. Hat-da, stansiýalaryň birine üçekde emeli arça hem berkidilip, ajaýyp görnüşde bezeldi.

       2022-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda bellenilen Täze ýyl adatdakylardan başgaça boldy. Sebäbi bu gezek Täze ýyl bir ýa-da iki kosmonawtyň gatnaşmagynda däl, orbitada birbada 10 adam Täze ýyly garşy almaga mümkinçilik aldylar. Bu waka iň köp adamly dynç alyş hökmünde dünýä kosmonawtikasynyň taryhyna girdi.

 

Taýýarlan: Meretgül ESENOWA,

Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň

44-nji orta mekdebiniň mugallymy.

Meňzeş habarlar