SANTA KLAUS NIREDE ÝAŞAÝAR?

       Maglumatlara salgylansak, Aýaz baba Laplandiýada ýaşapdyr diýlip hasap edilýär. Finlýandiýanyň Laplandiýa diýen ýerinde «Santa Klaus village» ýagny, Aýaz babanyň obasy ýerleşýär. Her ýylda bu oba müňlerçe adam syýahata gelýär. Bu ýer Täze ýyl baýramynyň esasy gahrymany Santa Klausyň Watany hasaplanylýar. Aýaz baba Günbatar Ýewropa mifologiýasynda ýerasty baýlyklary gorap saklaýan mifiki adamlar bolan ýerli gnomlaryň nesli hasap edilýär. Emma bu taryhy hakykata dogry gelýän-gelmeýändigi belli däl. Sebäbi dürli çaklamalar bar. Santa Klaus mifiki düşünje bolmagy mümkin.

       Köneden gelýän ynanja görä, Russiýa Federasiýasynda Aýaz babanyň Watany Wologda oblastynyň Beýik Ustýug şäheridir. Bu ýerde gyşyň düşýän senesi bolan 18-nji noýabr Aýaz babanyň doglan günüdir. Sebäbi şol gün Laplandiýada gyş başlanýar. Bu çaklama. Ýene-de bir çaklamada biziň eýýamymyzdan öňki I müňýyllygyň ahyrynda ýaşan Nikolaý Mirskiý Gündogar Ýewropa halklarynyň arasynda çagalaryň howandary hasaplanypdyr. Ak sakgally goja ak atyň üstünde çagalara sowgat paýlapdyr. Soňlugy bilen keramatly şahsyýete deňelen bu gojanyň Nikolaý ady Germaniýada Nikalausa, Gollandiýada Klaasa, Angliýada Klausa öwrülipdir. Wagtyň geçmegi bilen, Santa Klaus hyýaly gahrymana öwrülip, 25-nji dekabrda dünýä ýurtlarynyň ençemesinde bellenilýän Isa pygamberiň doglan gününde, ýagny, «Christmas Day» gününde çagalara sowgat paýlapdyr.

Taýýarlan: Aýgözel REJEPMYRADOWA,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň aragatnaşyk

bölüminiň aragatnaşyk boýunça hasaplaşyk operatory,

Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Öňki makala

ASYLLY DÄPLER DOWAMAT

Indiki makala

DIŇE TÄZE ÝYL HAKYNDA

Meňzeş habarlar