Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlar syýasatynda gazanylýan ösüşler we özgerişlikler göwünleri galkyndyrýar, buýsançly kalbymyzy joşa getirýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir işiň netijesinde bolsa Berkarar Watanymyzyň ýaş raýatlarynyň perzentlik borçlaryna abraý bilen hötde gelmekde sagdyn durmuş ýörelgelerine hemişe gyşarnyksyz eýerjekdiklerine, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna gujur-gaýratyny aýaman, yhlasly, döredijilikli zähmet çekjekdiklerine berk ynanýandygyny türkmen ýaşlarynyň hak howandary Gahryman Arkadagymyz aýratyn nygtaýar. Ynam – ynsan gatnaşyklarynyň söýesi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlaryna uly ynam bilen garamagy elbetde bu biz ýaşlar üçin uly bagtdan nyşan.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlap «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly täze ilkinji kitabynyň çapdan çykmagy diňe bir türkmen ýaşlarynyň däl, eýsem, tutuş türkmen halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bagyşlap döreden bu ajaýyp eseriniň şanyna ýurdumyzda geçirilýän hoşallyk maslahatlar, duşuşyklar, wagyz-nesihat çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Şeýle hoşallyk maslahaty Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda medeniýet merkeziniň mejlisler jaýynda hem geçirildi. Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp eserinde ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri beýan edilýändigini uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle baý many-mazmunly bu ajaýyp eseriň diňe bir ýaşlarda däl, eýsem, ähli watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döredip, kitapda görkezilen ugurlaryň usulyýet hökmünde her birimiziň işimizde uly gollanma bolup, ähli halkymyzyň ýan kitabyna öwrüljekdigini uly buýsanç nygtap geçdiler.
Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirip, ak ýollara atarýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde elmydama rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Nartäç GANÝOKMAZOWA,
TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.