Ýakynda Balkan welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, welaýat jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Pyragynyň waspyny äleme buşlap, şahyryň arzuwlan zamany geldi» ady bilen hoşallyk maslahatyny geçirdi. Maslahatda täsirli çykyşlara giň orun berildi.
Çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmagyň asylly däbe öwrülendigi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nobatdaky ýylynyň beýik akyldar şahyrymyz, ruhy seždegähimiz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy, beýik akyldaryň doglan gününiň taryhy senesiniň dünýä jemgyýetçiliginde hem uly gyzyklanmalara, goldawlara eýe bolýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabyny mähriban halkymyza sowgat etmegi we täze neşiriniň ýaşlara bildirilen belent ynamyň miwesidigi dogrusynda buýsançly çykyş etdiler.
Hoşallyk maslahatynyň ahyrynda halkymyzyň ruhy-medeni mirasyny aýawly saklamakda, olary ylmy taýdan has içgin öwrenip, dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekde nusgalyk tutumlary durmuşa geçirýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş aýtdylar.
Gözel SAPARMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.