BUÝSANÇLY SÖHBET

      Düýn Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan syzylyp çykan ajaýyp eseriniň – «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly çuňňur pelsepä ýugrulan kitabynyň ähmiýetini halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik ýazgy edildi.

      Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda taýýarlanan söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinden gelip çykýan wezipeleriň «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy esasyndan durmuşa geçirilişi, şeýle hem kitapda beýan edilýän gymmatly öwütleriň ähmiýeti dogrusynda buýsançly gürrüňleri etdiler.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Öňki makala

ŞIRIN OWAZYŇ EÝESI

Indiki makala

DANA ŞAHYRYŇ HORMATYNA

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 27 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 171 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 148 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY