KALPLARY BUÝSANÇDAN DOLY ÝAŞLAR

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň uly üstünlikleri, taryhy wakalary bilen doly ýyllaryň hersine mynasyp at berilmegi döwletimiziň ösmeginiň möhüm tapgyrlaryna ünsi çekmäge we halkymyz üçin bähbitli wakalaryň artmagyna giň ýol açýar. Belent ösüşler, taryhy wakalary bilen tamamlanan 2023-nji «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip atlandyrylmagy eziz türkmen halkymyzda uly buýsanç döretdi. Ýaş nesillerimiziň ata Watanymyza bolan söýgüsini, döredijilikli durmuşa bolan höwesini, zähmete bolan yhlasyny has-da artdyrdy. Tamamlanan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda halkymyzyň, aýratyn-da ýaş nesillerimiziň durmuşyny özgerden taryhy wakalar amala aşyryldy. Muňa mysal edip, 2023-nji ýylda TMÝG-niň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (YUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar Jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi ýatdan çykmajak waka boldy. Bilşimiz ýaly, TMÝG-niň YUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy diýlip ykrar edilmegi Türkmenistanyň halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmak, şeýle hem, ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek işindäki hyzmatlarynyň nobatdaky subutnamasydyr. Ýaşlara bilim bermek we olary terbiýelemek raýat jemgyýetini - azat, erkin, demokratik jemgyýeti gurmakda wajyp ähmiýete eýedir, şeýle hem, munuň özi kuwwatly we sagdyn döwletiň binýadyna deňelýändir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň okgunly ösüşler we şöhratly üstünlikler bilen tamamlanýan günlerinde has takygy 27-nji dekabrynda ýaşlar ýylyna bagyşlanyp, ýokary ruhubelentlikde geçirilen giň wekilçilikli forumyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň adyndan döredijilikde, zähmetde, ähli ugurlarda ýurdumyzyň ösüşine saldamly goşant goşan ýaşlary sowgatlar bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Şeýle hem, ajaýyp wakalaryň bellenilýän günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň türkmen halkyna gelip gowuşmagy, aýratyn hem türkmen ýaşlaryny buýsandyrdy. Bu kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri: beýan edilýär. Baý many-mazmunly kitabyň geljekde diňe ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelge bolman, eýsem ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda gyzyklanma döretjekdigine, kitapdaky görkezilen ugurlaryň usulyýet hökmünde her birimiziň işimizde gymmatly gollanma boljakdygyna berk ynanýarys.

 

Altyn DURDYÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Öňki makala

Meňzeş habarlar