WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

      Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, Balkan welaýat Migrasiýa gullugy bilen bilelikde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabatdaky bölüminiň mejlisler zalynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi şeýle hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar ýylynyň jemine bagyşlap, halkyna sowgat beren «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň ähmiýeti barada talyp ýaşlaryň arasynda «Ýaşlar siziň bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyz» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz ýurdumyzda ýaşlara berilýän uly orun, olar üçin döredilýän ähli döwrebap şertler, şeýle hem, uly üstünliklere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlarymyzyň ata Watanymyzyň ösüşine goşan mynasyp goşantlary dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirip, ak ýollara atarýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Gözel SAPARMÄMMEDOWA

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR