ŞANLY ÝYLA WE MÖHÜM ÄHMIÝETLI WAKALARA BAGYŞLANDY

       Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hem-de Arkadag şäheriniň Maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň many-mazmunyny, şeýle hem 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýörelgesi – türkmen halkynyň baky bagtyýarlygynyň çeşmesi» ady bilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligi Arkadag şäheriniň Maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň esasy hünärmeni Parahat Meretliýew alyp bardy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Beýzaly Ataýewiň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy, Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Kakageldi Çaryberdiýewiň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby Röwşen Şyhberdiýewiň gatnaşmagynda geçirilen söhbetdeşlik Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Arkadag» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 27 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 171 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 148 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY