Il saglygy ýurt baýlygyna deňelýän ýurtda ýaşamagyň özi bagt dälmi?! Şunuň ýaly belent ynsanperwer ýörelgäniň syýasat hökmünde belent derejä göterilmeginiň özi adam hakyndaky aladanyň aýdyň dabaralanmasydyr. Biz muny ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, arassa tebigatymyzy mynasyp goramaga we ýaş nesillerimize öwretmäge gönükdirilýän ekologiýa syýasatynda aýdyň görýäris. Ählihalk bag ekmek çärelerine ýaşlaryň işjeň gatnaşmagynyň aýdyň mysallary hem muny aňryýany bilen subut edýär.
Aral deňziniň guramagy bilen, deňziň düýbünde aýratyn howply jisimleri göterýän tozanly-duzly syrgynlar müňlerçe kilometre uzap gidýär we Aralýaka sebitiň, ondan alys sebitleriň hem tebigatyna ýaramaz täsir edýär. Adamlaryň ýaşaýşynda dürli keselleriň ýüze çykmagyna we howanyň hapalanmagyna getirýär. Daşoguz welaýatynda ýörite tokaý zolagynyň döredilmegi Aral tarapdan öwüsýän tozanly ýeller üçin özboluşly süzgüç bolup hyzmat edýär. Aral deňzinde suwuň azalmagy netijesinde, ýüze çykýan çölleşme hadysasynyň öňüni almak maksady bilen, welaýatyň çäginde müňlerçe gektar tokaý zolaklary döredilýär. Şeýle-de, saýaly we pürli agaçlaryň müňlerçe düýbi ekilýär.
Arassa tebigatymyzy gorap saklamak biziň her birimiz üçin belent parz hem borçdur. Çünki arassa tebigat – arassa ýaşaýyş. Howanyň ýaramazlaşmagy we daşky gurşawyň hapalanmagy, ilkinji nobatda, adamyň dem alyş ýollaryna aralaşyp, howply keselleri döredýän bakteriýalary we wiruslary ýaýradýar.
Howanyň ýaramaz täsirleri haçan-da ekologiýa howpsuzlygynyň kada-kanunçylygy bozulan ýagdaýynda ýüze çykýar. Ekologiýany hapalamaga täsir edýän adam faktorlary we beýleki täsirleriň öňüni almak ugrunda kanunçylyk namalary dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Hususan-da, «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de Tokaý, Ýer we Suw kodeksleri hereket edýär.
Ýaşaýan sredamyz – bu biziň öýümiz hasaplanýar. Ony gorap saklamak ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsanyň mukaddes borjudyr. Jemgyýetiň we tebigatyň özara gatnaşygynyň ähmiýetiniň artmagy, ekologik ýagdaýyň ýitileşmegi döwletiň içerki wezipeleriniň biri hökmünde ekologik wezipäniň ýüze çykmagyna getirdi. Türkmenistan döwletiniň ekologik wezipesi daşky tebigy gurşawyň goralmagyny, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanylmagyny, jemgyýetiň ekologik we ykdysady bähbitlerini ylmy taýdan esaslandyryp, utgaşdyrmagyny üpjün etmekden, adamyň ýaşaýşy üçin arassa, sagdyn we amatly tebigy gurşawa bolan hukuklaryny durmuşa geçirmekden we goramak üçin zerur şertleri döretmekden ybaratdyr. Tebigy gurşawy goramagyň ynsanperwerlik häsiýetde bolmagy, ýagny tebigaty goramagyň üns merkezinde adam, onuň ýaşaýşy we saglygy hem-de abadançylygy durýar. Başgaça aýdylanda, ähli tebigy gurşawy goramak meseleleri ilki bilen, adamyň saglygyny goramak arkaly çözülýär. Ýurtda ekologik howpsuzlygy, ýagny adamyň ýaşaýşy üçin möhüm ekologik bähbitleriniň, ilki bilen arassa, sagdyn, ýaşaýyş üçin amatly tebigy gurşawa bolan goraglylyk ýagdaýyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns merkezinde durýar. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, tebigy serişdeler adamyň ýaşaýşynyň we işiniň esasy hökmünde rejeli peýdalanylmaga we goralmaga degişlidir. Türkmenistan döwletimiz adamyň, raýatyň ekologik hukuklaryny goraýar, kepillendirýär.
Ýaşlar – ýurdumyzyň geljegini gurujylardyr. Geljek ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly mynasyp nesillere baglydyr. Ekologiýa syýasatyna ýaşlaryň işjeň goşulmagy munuň özi, şeýle bagtyýar geljegi gurujylar üçin kämil binýat bolup durýar. Ýaş nesliň asylly ýörelgelerden ugur alýan ählihalk çärelere işjeň goşulyşmagy döwletimizde sagdyn pikirli, kämil, asylly terbiýeli ýaşlaryň kemala gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ählihalk ýowaryna gatnaşmak, el-ele berip, Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak her bir ýaş nesil üçin belent jogapkärçilik hem-de bagt bolsa gerek. Döwletli tutumlara goşulyşmak ýaşlary her bir işde ruhlandyrýar hem buýsandyrýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz biziň her birimize nusgalyk görelde bolup durýar. Tebigatymyzyň gözelleşmegine mynasyp goşant bolup durýan ählihalk ýowaryna hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşyp, ak pata bermegi Watanyň geljeginiň kuwwatly nesli üçin mynasyp çagyryşdyr.
Ýaşlara nusgalyk görelde bolup, belent maksatlara ruhlandyrýan we Watanymyzyň şöhratly geljegini dabaralandyrjak mynasyp nesilleri ýetişdirmekde uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Gurbanmyrat GURBANOW,
Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň
Azatlyk geňeşliginiň ýaşaýjysy, ýaş alym,
TMÝG-niň işjeň agzasy.