Sport bilen yzygiderli meşgullanmak saglygyňy berkitmäge mümkinçilik berýär. Sport bilen meşgullanýan adamyň, erki taplanyp, işe ukyplylygy ýokarlanýar. Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýol açýar. Sport – sagdynlyk we gözellikdir. Sagdyn adam hemişe şähdaçyk, maksada okgunly, ruhubelent bolýar. Saglyk, şadyýanlyk, sagdynlyk, bagtyýarlyk ýaly gymmatlyklar biri-birine özara baglydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şu dört gymmatlyk sport arkaly berk baglanyşygy emele getirýär. Bu bolsa, adamlaryň arasynda sporta söýgi döredip, sporty saýlap almagyna we onuň bilen meşgullanmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda ähli pudaklar bilen bir hatarda köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmeklige hem aýratyn üns berilýär. Munuň şeýledigini, yzygiderli geçirilýän çempionatlar, dürli bäsleşikler we halkara derejesinde sportuň dürli görnüşleri boýunça bolup geçýän duşuşyklar aýdyňlygy bilen görkezýär. Halkara ýaryşlaryň ýeňijileriniň aglabasynyň ýaşlardygy bolsa, bizi has-da buýsandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary bilen, ýaşlary sporta giňden çekmek, şunuň esasynda bedenlerini we saglygyny berkitmek üçin ähli mümkinçilikleri bolan döwrebap sport toplumlaryny gurup ulanmaga bermek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Gysga döwrüň içinde paýtagtymyzda we ähli sebitlerde kemala gelýän sport toplumlary, stadionlar döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň beýanydyr. Bu toplumlarda türkmen sportunyň röwşen geljegi bolan, öz ýeňişleri bilen sporty ösdürjek we tugumyzy belende galdyrjak ýaşlar kemala gelýär. Olar irginsiz türgenleşiklerde bolup, döwrüň belent ruhunda ýaryşlara taýýarlanýarlar.
Sportuň özi saglygyň, sagdynlygyň gözbaşy. Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdunyň türgeni hökmünde sportuň islendik görnüşi bilen meşgullansaňda, ähli mümkinçilikler we şertler bar. Sportuň täze-täze görnüşleri hem ýurdumyzyň sport durmuşyndan orun alyp, gysga döwrüň içinde gyzyklanma bildirýänleriň sany artyp, giň gerim alýar. Şeýle mümkinçilik diňe sporta berilýän ünsüň ajaýyp miwesidir. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesilleriň sagdyn bedenli, kämil, ruhubelent bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzda sport çäreleri yzygiderli geçirilýär. Munuň özi, ýaşlaryň berk bedenli, kämil bolmagy üçin möhüm ähmiýetlidir.
Altyn HOJAMOWA,
Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň
pensiýa gaznasy bölüminiň işgäri,
TMÝG-niň işjeň agzasy.