MEÝLETINÇILIK IŞINE HALKARA DEREJESINDE ÄHMIÝET BERILÝÄR

      2024-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşinde BMG-niň Meýletinçiler maksatnamasynyň sebitleýin hünärmeni Emilýa Asadowa hem-de Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin dolandyryjysynyň orunbasary Pasifik Essereke bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň  wekilleriniň arasynda duşyşyk geçirildi.

      Duşuşygyň esasy maksady ýurdumyzyň BMG-niň Meýletinçiler maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan we BMG-niň Meýletinçiler maksatnamasy tarapyndan Merkezi Aziýada meýletinçiligiň ýagdaýy boýunça hasabaty taýýarlamakdan ybarat boldy.

      Mälim bolşy ýaly Türkmenistanyň ýaş meýletinçileri halkara hyzmatdaşlygy babatynda köp işleri alyp barýarlar. Bu babatda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň dowamynda ýaş meýletinçileriň işjeň gatnaşmagynda geçirilen çäreler muny aýdyň görkezdi. Ýagny, Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen Halkara meýletinçiler forumy, Täjigistan Respublikasynyň Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýanyň Liderleriniň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçirilen Meýletinçiler forumy, Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň 15-nji forumynyň çäklerinde «GDA döwletleriň ýaşlarynyň meýletinçilikdäki başlangyjy» atly meýdançasy we beýlekiler munuň aýdyň mysalydyr.

      Türkmenistan Watanymyzyň ýaş meýletinçileri ýurdumyzyň çäginde hem-de halkara derejesinde geçirilen medeni köpçülikleýin çärelerinde, sport ýaryşlarynda öz işjeňligini we başarnyklaryny yzygiderli görkezýärler. Olardan Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Dialog - parahatçylygyň kepili» atly Halkara ýaşlar forumy, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ilkinji gezek geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly halkara forumy muňa aýdyň mysal bolup durýar.

      Duşuşygyň ahyrynda BMG-niň Meýletinçiler maksatnamasynyň wekilleri bilen halkara tejribesini öwrenmek babatynda geljekde alnyp baryljak işler boýunça anyk ugurlar kesgitlenildi.

   

Begenç HALNEPESOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

                                                             Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

05 Oktýabr 2024 | 0 okalan

GAHRYMANÇYLYK UNUDYLMAÝAR

05 Oktýabr 2024 | 49 okalan

SUNGATDA DOSTLUK KÖPRÜSI