Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi etrabyň medeniýet we bilim bölümleri bilen bilelikde, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de bu şanly ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde toýlamak maksady bilen, etrabyň Gubadag şäheriniň medeniýet merkezinde «Magtymguly Pyragy – göwünleriň çyragy» atly şygar astynda aýdym-sazly çäre geçirdi. Çäredäki çykyşlarda eziz ülkämiziň uly üstünliklere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny uly üstünliklere besläp, batly gadamlar bilen 2024-nji – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny garşylandygy, ýurdumyzyň durmuşynda şanly seneler bilen tapawutlanan geçen ýylyň halkymyz, aýratyn hem ýaşlar üçin ýakymly pursatlara baý bolandygy, täze taryhy eýýamymyzy bezeýän möhüm sahypalaryň birini emele getirendigi, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyny halkymyza sowgat etmeginiň ýalkymly hem ýakymly, ýatdan çykmajak şanly wakalaryň biri bolandygy, Döwlet Baştutanymyzyň türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan bu ajaýyp eseriniň çuňňur many-mazmuna eýedigi, şöhratly ýylymyzyň şanly wakalaryndan söz açýan setirleriň ýaşlary hiç wagt hakydalardan öçmejek şol taryhy pursatlara hemra edýändigi, «Watan» we «halk» diýen mukaddes sözleriň ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuş şygaryna öwrüljekdigi dogrusynda giňişleýin bellenildi. Çäre etrabyň medeniýet merkeziniň taýýarlan eziz Watanymyzy, bagtyýar döwrümizi, akyldar şahyrymyzy wasp edýän estrada aýdymçylaryň, tansçy gyzlaryň, dessançy bagşylaryň çykyşlary bilen utgaşyp gitdi.
Parahat SABIROW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.