TÜRKMEN TALYPLARY “MIRAI” MAKSATNAMASYNYŇ ÇÄKLERINDE ÝAPONIÝANYŇ TOKIO ŞÄHERINDE GEÇIRILEN GYSGA MÖHLETLI OKUWLARA GATNAŞDYLAR

     Türkmen talyplary Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Merkezi (Japan’s International Cooperation Center, JICE) tarapyndan gurnalýan “MIRAI” okuw maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen gysga möhletli okuwlaryna gatnaşdylar. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Nowruz Nurberdiýew we Dursunjemal Ýylkybaýewa, hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Serdar Rahymow türkmen talyplaryna wekilçilik edip, 2024-nji ýylyň 16-22-nji ýanwary aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen “MIRAI” maksatnamasyna gatnaşdylar.

     Ýaponiýanyň “MIRAI” okuw maksatnamasynyň mowzugy “Hukugyň hökmürowanlygy” (“Rule of Law”) bolup, Merkezi Aziýa we Kawkaz döwletlerinden hukuk ugrundan bilim alýan we hukuk ulgamynda işleýän 24 sany ýaş hünärmenler we talyplar bu gysga möhletli okuwlaryna gatnaşyp, öz bilimlerini artdyrdylar we baý tejribe gazandylar. “MIRAI” gysga möhletli okuw maksatnamasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde, Keio Uniwersitetiniň Hukuk fakultetinde, Nişimura&Asahi hukuk firmasynda, Ýaponiýanyň Ýokary Kazyýetinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Uzak Gündogar boýunça Jenaýatyň öňüni almak we jenaýatçylara çemeleşmek boýunça Institutynda (United Nations Asia and Far East Institute for the Prevention of Crime and the Treatment of Offenders – UNAFEI), Ýaponiýanyň Adalat ministrliginiň Halkara Adalat Merkezinde (International Justice Center of the Ministry of Justice) gurnalan okuw sapaklaryna, seminarlara işjeň gatnaşyp, Ýaponiýanyň kanunçylygy we Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri, “Hukugyň hökmürowanlygy” mowzuklary boýunça bilim aldylar.

     Okuw meýilnamasyndan başga-da, maksatnama gatnaşyjylara Ýaponiýanyň taryhy, baý medeniýeti we özboluşly däp-dessurlary bilen içgin tanyşmak üçin hem mümkinçilik döredildi. Medeni maksatnama örän baý we giň gerimli boldy. Meşhur Tokio diňi, gadymy “Asakusa” taryhy meýdançasy we Senso-ji ybadathanasy, ýapon baglaryna gezelenç bu halkyň tebigat bilen arabaglanyşygyny, medeniýetini hem-de taryhyny has-da içgin öwrenmek örän uly täsir galdyrdy. Bu gezelençleriň dowamynda ýapon milli tagamlaryny dadyp görmek, iň esasy bolsa Çaý dabarasynyň çäklerinde “Matça” çaýyny taýýarlamak we içmek medeniýetini öwrendiler. Okuw we medeni çäreleri öz içine alýan bu tejribe, gatnaşyjylarda ajaýyp täsir galdyrdy we Ýaponiýanyň özboluşly aýratynlyklaryny içgin öwrenmekde uly meýdança bolup çykyş etdi.

     Maksatnamada täsir galdyran gezelençleriň biri hem Fuji dagyna, Oşino Hakkaý we Fuji dagynyň Bütindünýä miras merkezine (Mt. Fuji World Heritage Center) guralan syýahatdyr. Gatnaşyjylar Ýaponiýanyň meşhur ýerleriniň biri bolan Fuji dagynyň ajaýyp görnüşinden lezzet aldylar. Oşino Hakkaý Fuji dagynyň eteginde ýerleşýän meşhur sekiz sany kölden ybarat bolan syýahatçylyk nokadydyr. Bütindünýä miras merkezi bolsa bu ajaýyp dagyň medeni we tebigy ähmiýetine has çuňňur öwrenmeklik üçin döredilen muzeý bolup durýar. Umuman, maksatnamanyň bilim we medeni bölekleri bilen utgaşdyrylan gyzykly meýilnamasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Ýaponiýa, ýapon halky, onuň kanunçylyk ulgamy we “Hukugyň hökmürowanlygy” medeniýeti barada bilim alyp, geljekde hem ony öz deň-duşlary bilen paýlaşarlar we özara bilim, medeni alyş-çalşygy has-da berkiderler.

     Bu maksatnamanyň jemleýji gününde, oňa gatnaşyjylar Ýaponiýanyň baý medeni mirasy, taryhy we däp-dessurlary, “Hukugyň hökmürowanlygy” diýen mowzuk boýunça öwrenen maglumatlary barada Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde hasabat bilen çykyş etdiler we maksatnama gatnaşyjylara gysga möhletli okuwlary üstünlikli tamamlandyklary üçin degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

     Türkmen ýaşlaryny ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary derejeli hünärmenler edip ýetişdirmekde halkara tejribäni öwrenmek maksady bilen halkara alyş-çalyş okuw maksatnamalaryna gatnaşmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys.

 

Nowruz NURBERDIÝEW,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

Meňzeş habarlar