Ýurdumyzda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýaş nesle bilim bermekde döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamyny döwrebap ösdürmekde giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle giň mümkinçiliklerden peýdalanýan bilim işgärleri, mugallymlar ýaş nesliň bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin giňden alada edýärler. Bu ugurda mugallymlar tarapyndan okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär, bilim öwretmegiň milli ýörelgeleri ösdürilýär.
Ýaş nesle bilim öwretmegiň usulyýeti esasynda sapagy guramak, okuwçylaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek her bir mugallymyň möhüm wezipesi bolup durýar. Şonuň üçin hem okuwçylara sapagyň ähmiýetini düşündirmeli hem-de olaryň ünsüni çekmeli. Başlangyç synp okuwçylarynyň ünsüni çekmek üçin sapagy gyzykly geçirmek göz öňünde tutulýar. Sapakda interaktiw tagtanyň hyzmatyndan peýdalanmak döwrüň talabydyr. Okatmagyň öňdebaryjy usullaryny öwrenmek, olary iş ýüzünde barlap görmek, çagalaryň bilimini, başarnygyny artdyrmak, kämilleşdirmek türkmen terbiýesiniň baş maksatlary bilen berk baglanyşykly bolup durýar. Okatmagyň täze, öňdebaryjy usullary okuwçynyň okuw maglumatlaryny tiz we netijeli özleşdirmegine ýardam edýär. Okatmagyň adaty usullary bilen kompýuter arkaly okatmagy deňeşdirip görsek, onda kompýuteriň kömeginden peýdalanylyp guralan okuwyň täsirliligi hem netijeliligi aýdyň ýüze çykýar.
Ulanylýan ýa-da interaktiw tagtada görkezilýän okuw-görkezme esbaplarynyň dürli öwüşginli bolmagy, gyzykly ýumuşlaryň hödürlenmegi we öwrediji oýunlaryň yzygiderli guralmagy sapagyň täsirli bolmagyna ýardam edýär. Mysal üçin, biz sapagy okuwçylar bilen rus dilinde salamlaşmak bilen başlaýarys. Şeýlelikde, rus dili sapagy boýunça ýörite okuw kitabyndan peýdalanýarys. Başlangyç synplarda rus dili sapagynda «Буквы и звуки» diýen tema boýunça okuwçylaryň ünsüni çekýärin. Bu barada multimedia tagtasynda harplary we harplar bilen baglanyşykly ýeňil okalýan sözleri ýazýaryn. Sapak wagtynda okuwçylar multimedia tagtasyndaky harplary aýdýarlar. Bu olarda rus dili boýunça okamak endigini kemala getirýär. Multimedia tagtasynda ýörite slaýdlary taýýarlaýaryn, ýagny rus dilinde ýazylan sözler, suratlar çekilen slaýdlar okuwçylarda gyzyklanma döredýär. Olar suratlar bilen bezelen sözleri okamaga çalyşýarlar, geçen sapakda öwrenenlerini ýatlaýarlar. Bu bolsa okuwçylaryň sapaga bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. Şeýle hem multimedia tagtasynda dürli reňkler bilen bezelen harplar bilen baglanyşykly goşgulary ýerleşdirmek bolar.
Okuwçylara berilýän bilimleri özleşdirmek başarnygyna gözegçilik etmegiň görnüşleri dürli-dürlüdir. Her mugallym özüne has oňaýly bolan görnüşi saýlap alýar. Mysal üçin, dilden soraglara jogap bermek, suratlar bilen işlemek we rus dilinde suratlaryň adyny beýan etmek.
Başlangyç synp okuwçylarynyň bilim derejelerini barlamakda, berkitmekde, geçilenleri gaýtalamakda okuw kitabynyň, okuwçylaryň depderleriniň ähmiýetlidigini bellemelidiris. Mugallym okuw kitabyna yzygider ýüzlenmelidir, slaýdlary taýýarlamakda hem okuw kitabyndan ýerlikli peýdalanmalydyr.
Häzirki wagtda çagalar maglumat tehnologiýalary jemgyýetiniň talaplaryna hem-de täsirine uýgunlaşandyr. Şonuň üçin-de, başlangyç synplarda gaýtalamak sapaklarynda diňe okuw kitabyndaky maglumatlar ýeterlik däldir. Mugallymyň has-da döredijilikli çemeleşmegi, okuwçylar üçin goşmaça ýumuşlary taýýarlamak gerek. Men hem öz iş tejribämde barlagnamalary, dürli görnüşdäki ýumuşlary taýýarlamak üçin internet ulgamyndan giňden ulanýaryn. Internet ulgamynda bilim portalynda beýan edilýän usullary sapaklarda peýdalanýaryn. Berilýän ýumuşlary oýun görnüşinde ýerine ýetirmek usulyny ulanmak hem netijelidir. 2-nji, 3-nji synplarda rus dilinde sanawaçlary ýat tutmak, sözleri okamak ýaly ýumuşlary tabşyrýaryn.
Mugallymlaryň döredijilikli işlemegi üçin hormatly Prezidentimiz ähli mümkinçilikleri döredýär. Bu mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilimli, edep-terbiýeli, arassa ahlakly nesli terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda irginsiz zähmet çekýäris. Berkarar döwletimizi bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Hemragül DAGDANOWA,
Dänew etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy.
"Mugallymlar gazeti", 31.01.2024