Ýaşlar ýurdumyzyň geljegini gurujylardyr. Geljek ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly mynasyp nesillere baglydyr. Ekologiýa we daşky gurşawy goramak syýasatyna ýaşlaryň işjeň goşulmagy, munuň özi, şeýle bagtyýar geljegi gurujylar üçin kämil binýat bolup durýar. Ýaş nesliň asylly ýörelgelerden ugur alýan ählihalk çärelerine işjeň goşulyşmagy döwletimizde sagdyn pikirli, kämil, asylly terbiýeli ýaşlaryň kemala gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ählihalk ýowaryna gatnaşmak, el-ele berip, Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak her bir ýaş nesil üçin belent jogapkärçilik hem-de bagt bolsa gerek. Döwletimiziň döwletli tutumlaryna işjeň gatnaşmak ýaşlary her bir işde ruhlandyrýar hem buýsandyrýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz biziň her birimize nugsalyk görelde bolup durýar. Tebigatymyzyň gözelleşmegine mynasyp goşant bolup durýan ählihalk ýowaryna hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşyp, ak pata bermegi Watanyň geljeginiň kuwwatly nesli üçin mynasyp çagyryşdyr.
Ýaşaýan gurşawymyz – bu biziň öýümiz hasaplanýar. Ony gorap saklamak ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsanyň mukaddes borjudyr. Jemgyýetiň we tebigatyň özara gatnaşygynyň ähmiýetiniň artmagy, ekologik ýagdaýyň ýitileşmegi döwletiň içerki wezipeleriniň biri hökmünde özbaşdak ekologik wezipäniň ýüze çykmagyna getirýär. Türkmenistan döwletiniň ekologik wezipesi daşky tebigy gurşawyň goralmagyny, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanylmagy, jemgyýetiň ekologik we ykdysady bähbitlerini ylmy taýdan esaslandyryp, utgaşdyrmagy üpjün etmekden, adamyň ýaşaýşy üçin arassa, sagdyn we amatly tebigy gurşawa bolan hukuklaryny durmuşa geçirmekden we goramak üçin zerur şertleri döretmekden ybaratdyr. Tebigy gurşawy goramagyň ynsanperwer häsiýetde bolmagy, ýagny tebigaty goramagyň üns merkezinde adam, onuň ýaşaýşy we saglygy hem-de abadançylygy durýar. Başgaça aýdylanda, ähli tebigy gurşawy goramak meseleleri ilki bilen, adamyň saglygyny goramak arkaly çözülýär. Ýurtda ekologik howpsuzlygy, ýagny adamyň ýaşaýşy üçin möhüm ekologik bähbitleriniň, iň ilki bilen arassa, sagdyn, ýaşaýyş üçin amatly tebigy gurşawa bolan goraglylyk ýagdaýyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns merkezinde durýan meseledir. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, tebigy serişdeler adamyň ýaşaýşynyň we işiniň esasy hökmünde rejeli peýdalanylmaga we goralmaga degişlidir. Türkmenistan döwletimiz adamyň, raýatyň ekologik hukuklaryny goraýar, kepillendirýär.
Biz – bilim işgärleri ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmakda, olaryň asylly ýörelgelerden ugur alyp, sagdyn pikirli, kämil, asylly terbiýeli ýaşlary kemala getirmekde mundan beýläk-de yhlasly, önjeýli, döredijilikli zähmet çekeris.
Ýaşlara nusgalyk görelde bolup, belent maksatlara ruhlandyrýan we Watanymyzyň şöhratly geljegini dabaralandyrjak mynasyp nesilleri ýetişdirmekde uly aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn !
Aziza IŞMETOWA,
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň
45-nji orta mekdebiniň mugallymy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.