PYRAGYNYŇ ESERLERI — EÝÝAMLARA ŞAMÇYRAG

       Türkmenabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralar merkezinde dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň giň we köpugurly döredijiligine bagyşlanylyp, brifing duşuşygy geçirildi. Oňa döwürdeş ýazyjy-şahyrlarymyz, medeniýet-sungat ussatlary, welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim işgärleri we talyplar gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda akyldar şahyrymyzyň şygyrlarynyň halk arasynda dilden-dile geçip gelşi dogrusynda täsirli çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda geçen asyrlarda halkymyzyň milli medeniýetiniň, edebiýatymyzyň ösmegine öz goşantlaryny goşan nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleri, olaryň ömri we döredijiligi dogrusyndaky çykyşlar hem diňlenildi.

       Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahna ussatlary we Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap taýýarlanan çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Talyp ýaşlar halypa şahyrlara, döwürdeş ýazyjylarymyza özlerini gyzyklandyrýan sowallary bilen ýüzlenip, döredijilik babatynda olaryň maslahatlaryny diňlediler. Aýdym-sazlar bilen utgaşykly dowam eden ildeşlerimiziň çykyşlary, ýürek buýsançlary duşuşygyň ähmiýetini has hem artdyrdy. Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlary okalyp, onuň sözlerine düzülen aýdymlar ýerine ýetirildi. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyna bagyşlanylyp geçirilen bu çäre «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Bu çärä gatnaşyjylar milli mirasymyzy öwrenmekde, ösdürmekde we ony geljekki nesillere ýetirmekde döwlet we halkara derejesinde giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

 

Akmyrat NIKOLAÝEW,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2024 | 23 okalan

GALLAÇYLARYŇ ÝARDAMÇYLARY

28 Iýun 2024 | 61 okalan

TÜRKMEN RUHUNYŇ SARSMAZ SÜTÜNI

28 Iýun 2024 | 24 okalan

DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI