LEÇEK TOÝY

        Ynsany bezeýän ajaýyp häsiýetleriň biri onuň edebidir. Ata-ene perzentlerini terbiýeli, süňňi halal, päk ahlakly, adamkärçilikli, Watana wepaly, zähmetsöýer, ar-namysly edip ýetişdirmek üçin uly alada edýär. Bu geçmişde-de şeýle bolupdyr. Nusgawy edebiýatymyza ser salanymyzda, olaryň ençemesiniň öwüt-ündew äheňlidiginden çen tutsaň, munuň şeýledigine aňryýany bilen göz ýetirýärsiň. Olardan miras galan bu asylly gymmatlyklarymyz häzirki bagtyýar döwrümiziň buýsançly, gujurly, asylly ýaşlaryna ýol görkezijidir. Bu mukaddes ýörelgede sagdyn jemgyýet, kämil döwlet, abadan ojak bitewüligi jemlenýär. Edep-ekram, arassa ahlaklylyk maşgalanyň berkliginiň görkezijisi bolupdyr. Terbiýeli, sagdyn ruhly maşgala bolsa, jemgyýetiň, döwletiň daýanjy bolup durýar. Nesillerimizi millilik ruhunda terbiýelemek, medeniýetimize sarpa goýýan nesilleri kemala getirmek iň asylly ýörelgelerimiziň biri.

        Däp-dessurlarymyzyň, milliligimiziň arasyndaky gadymylygy, özboluşlylygy aýratynlygy we seýrekligi bilen tapawutlanýan, uludan tutulýan toýlarymyzyň biri-de leçek toýydyr.

        Leçek toýy ýurdumyzyň gündogar sebiti bolan Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň iň gadymy toý dabaralarynyň biri bolup, bu dessur durmuşa çykan gyz atasy öýüne gatarylyp gelende ýerine ýetirilýär. Leçek – seçekli gyňaç, ýalyk manysynda ulanylýar. Leçegiň ak, gyzyl, sary reňkli görnüşleri bolup, ýaş aýratynlygyna görä ulanylýar. Leçegiň narynç, elwan görnüşini ýaş gelinler, sarysyny orta ýaşly gelinler, gartaşan zenanlar bolsa ak reňklisini atynypdyrlar. Oňa başgaça leçek atma dessury hem diýilýär. Leçek atma dessury zenan maşgalanyň ejesi ýa-da ejesiniň aýal dogany tarapyndan ýerine ýetirilýär. Leçek atmak enäniň mukaddes borjy hasaplanýar.

        Dabara başlamazdan öň leçek atyljak zenan ýer taýýarlanyp el haly ýazylýar hem-de ýörite düşek asylýar.

        Halkymyzyň toý adatlary, däp-dessurlary, edim-gylymlary olaryň berjaý edilişi, halkyň gojaman taryhynyň, paýhasly hakydasynyň we beýik ruhunyň syrlaryny açýan nesilden-nesle geçirilip gelinýän özboluşly çuň manyly gözellik mekdebidir.

        Medeniýetimizi ösdürip, millilik düşünjelerimizi barha ýokary depginlerde alyp barmakda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

 

Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin

habar beriş bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar