Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Serdar» pagta egriji fabriginde pagta süýümini gaýtadan işlemek arkaly ýokary hilli önümleriň birnäçe görnüşlerini öndürýär. Olaryň arasynda dürli ölçegli ýüplükler, mebel pamygy, arassalanan pagta galyndysy bar.
Welaýat gazetinde berilýän habara görä, kärhana şeýle önümleri öndürmekde geçen 2023-nji ýylda hem ýokary netijelere eýe boldy. Has takygy, şonda bu ýerde 1378 tonna ýüplük, 518 tonna mebel pamygy, 340 tonna arassalanan pagta galyndysy öndürildi. Munuň özi bu kärhanada geçen ýyl 33 million manatlyga golaý önümiň taýýar edilendigini aňladýar.
Fabrikde önümçilik bölümleriniň 3-si hereket edip, olarda işçi-hünärmenleriň 180-den gowragy yhlasly zähmet çekýär diýlip, habarda bellenilýär.
Bu ýerde öndürilýän önümleriň esasy bölegi Russiýa, Türkiýe ýaly ýurtlara ugradylýar.
turkmenportal.com