2024-nji ýylyň 13-15-nji fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabi şäherinde ÝUNESKO-nyň gurnamagynda Medeniýet we sungat bilimi boýunça Bütindünýä maslahaty geçirilýär. Abu-Dabi milli sergi merkezinde geçirilýän bu bütindünýä maslahata ÝUNESKO-nyñ Baş direktorynyñ bilim we medeniýet boýunça orunbasarlary, halkara guramalaryñ wekilleri, gurama agza döwletleriň bilim we medeniýet ministrlikleriniñ hem-de ÝUNESKO-nyñ işleri barada milli toparlarynyñ wekilleri gatnaşýarlar.
Bütindünýä maslahatyň birinji gününde geçirilen açylyş dabrasynda ÝUNESKO-nyň baş direktorynyň bilm boýunça orunbasary hanym Stefania Jiannini, medeniýet boýunça orunbasary jenap Ernesto Ottone hem-de maslatyň ýerine ýetiriji geňeşiniň başlygy, Abu Dabiniň medeniýet ministri Şeýh Salem al Kassimi bu bütindünýä maslahatyň ähmiýeti, medeniýet we sungat bilimi babatda öňde goýulan wezipeler hem-de degişli resminamalaryň tanyşdyrylyşy boýunça çykyş etdiler.
13-15-nji fewral aralygynda esasy we 7 sany tematiki mejlislerde dowam edýän maslahata gatnaşýan türkmen wekiliýeti onuň "Medeni dürlülik arkaly ömrüň dowamynda bilim almagyň hili" atly 2-nji mejlisde Türkmenistanda çeperçilik we sungat biliminiň ösdürilişi, onuň aýratynlyklary boýunça çykyş etdi.
ÝUNESKO-nyň bütindünýä maslahaty medeniýet we sungat bilimi boýunça bütindünýä bileleşigini emele getirmegi, bilim edaralarynda medeniýet we sungat boýunça ýaş nesilleriň bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmagy maksat edinýär. 2006-njy ýylda Lissabonda we 2010-njy ýylda Seulda geçirilen sungat bilimi boýunça bütindünýä maslahatlarynyň özboluşly dowamy bolan bu maslahatyň ahyrky gününde ÝUNESKO-nyň agza döwletleriniň gatnaşmagynda taýýarlanylan Medeniýet we sungat bilimi boýunça Çarçuwaly Maksatnamasy kabul ediler.
unesco.gov.tm