Bilim ulgamy has-da kämilleşdirilip, ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklarynda, ylaýta-da daşary ýurt dillerini öwretmekde okuw-usulyýet ugry barha giň gerimde ösdürilýär. Ýaşlaryň mekdeplerde 12 ýyl bilim alandan soň, üç dili – türkmen, rus we iňlis dillerini suwara bilmekliginiň hökmanydygy öňe sürülýär. Şeýle-de, bu babatda alnyp barylýan asylly çäreleri diňe bir orta mekdeplerde däl, ýokary okuw mekdeplerinde hem ýokary derejede alnyp barylýar. Munuň özi, dünýä medeniýetinden habarly, giň gözýetimli, milli tejribeleriň halkara tejribeleri bilen sazlaşýan bir döwründe bu ugurdan ukyby bolan ýaşlaryň sanynyň barha artmagyna ýakyndan ýardam berýär.
Dünýä dillerini öwrenmek diňe bir bu ugurda bilim ulgamyndaky hünärmenlere degişli bolup durman, eýsem ähli ugurlarda bilim alýan ýaşlara we zähmet çekýän dürli ýaşdaky hünärmenlere hem degişlidir. Dünýä bilen aýakdaş gitmeli döwürde, bilimiň we kompýuter tehnologiýalarynyň kämilleşýän döwründe dünýä dillerini öwrenmek zerurlygy ýüze çykýar. Şu nukdaýnazardan, olary çuňňur öwrenmekde ýurduň geljegi bolup, uly ynam bildirilýän ýaşlara aýratyn orun degişlidir. Ýaşlar dünýä dillerini suwara bilmelidir, çuňňur özleşdirmelidir. Häzirki döwürde ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygy we dünýä döwletleriniň, guramalarynyň ünsüni özüne çekýändigi bilen baglylykda, dünýä dilleriniň ýokary derejede öwrenilmegi ýaş hünärmenlere uly mümkinçilikleri açyp berýär. Ähli ýerlerde, esasan-da bilim ojaklarynda lingofon enjamlary, kompýuterler, innowasion tagtalar bilen üpjün edilen okuw-iş otaglary döredilýär. Bu bolsa, daşary ýurt dillerini tiz we amatly özleşdirmäge oňyn täsir edýär. Ýurdumyzda giň gerim alan, halkymyzyň goldawlaryna mynasyp bolan bilim ulgamynyň özgertmeleri we bu ugurdaky işjeňleşen halkara gatnaşyklaryndaky öňegidişikler ýaşlarda aýratyn buýsanç duýgularyny döredýär.
Dil bilen dünýäni gezer. Dünýä dilleri dünýäniň derwezesiniň açary. Bu derwezäniň giňden açylmagy dünýä medeniýeti bilen tanyş bolmaga we ony aýdyň öwrenmäge ýardam berýär. Bu bolsa, gönüden-göni dünýä tejribesini öwrenmegiň zerur bolup durýan döwründe has-da möhümdir.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda, öňe barýan Diýarymyz ähli ugurlarda, şol sanda bilim ulgamynda hem ägirt uly özgertmeleri we ösüşleri başdan geçirýär. Şeýle gurşawyň türkmen ýaşlarynyň kämil bolup ýetişmeklerinde uly ähmiýeti bardyr. Özleri hakynda edilýän aladalara oňat düşünýän ýaşlar umumy bir maksada, ýagny okamaga, öwrenmäge, saýlap alan ugrundan kämilleşmäge we Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň okgunly ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga erjellik we yhlaslylyk bilen ymtylýarlar. Bu babatda döredilýän ähli mümkinçilikler üçin ýaşlaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklary bimöçberdir.
Tawus ŞYHYMGULYÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň
pensiýa gaznasy bölüminiň esasy hünärmeni,
TMÝG-niň işjeň agzasy.