MUGALLYMÇYLYK – ASYLLY KÄR

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watanymyzyň we halkymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli tagallalary edýär. Döredilýän giň mümkinçilikler biz mugallymlary mukaddes kärimizde has-da tutanýerli we döredijilikli işlemäge, okuwçylara bilim-terbiýe bermegiň netijeli, öňdebaryjy usullaryny iş tejribämizde ornaşdyrmaga, munuň üçin bolsa, hemişe gözlegde bolmaga ruhlandyrýar.

      Gahryman Arkadagymyz «Älem içre at gezer» atly eserinde: «Mugallym – aýratyn adam. Ol bilim baýlygyny adamlara bagyşlamalydyr. Onsoňam, bilim şeýle bir baýlykdyr, ony ile näçe köp berseň, ol şonça-da artar gider oturar» diýip nygtaýar. Mugallymyň sözleýişi, hereketleri, daş keşbi nusgalyk bolmalydyr. Mugallym çagalary söýmegi-de, kalbynyň töründen orun bermegi-de, olaryň içki dünýäsine aralaşmagy-da, olara mähirli bolmagy-da başarmalydyr. Mugallymçylyk kärine höwes, bu kärde guýmagursaklyk zerur hasaplanylýar. Her gün ençeme çaga umytly gözleri bilen mugallyma ýakyn hossary, terbiýeçisi, halypasy, nusga-göreldesi hökmünde garaýar.

      Sapak mekdep okuwçylaryna bilim-terbiýe bermegiň esasydyr. Şonuň üçin her bir sapaga ykjam taýýarlykly barmak, ony talabalaýyk guramak, onuň netijeliligini gazanmak mugallymlaryň mukaddes borjudyr. Şu nukdaýnazardan, men guraýan sapaklarymyň usuly taýdan kämil, öwrediji häsiýetli bolmagyny gazanmaga çalyşýaryn. Şonuň netijesinde, okadýan başlangyç synp okuwçylarymyň sapaga gyzyklanmasyny artdyrmak bilen, geçilýän her bir temany oňat özleşdirmeklerini, bilimlerini tutanýerli ele almaklaryny gazanýaryn, şeýle hem özleşdirilýän tema bilen baglanyşykly ençeme maglumatlary almaklaryna çalyşýaryn. Munuň üçin, sapakda dürli okuw-görkezme esbaplaryndan, sanly serişdelerden we bilim bermegiň netijeli usullaryndan peýdalanýaryn.

      Mugallymçylyk – dünýäde iň hormatly kärleriň biri. Bu hünäri ele alan her bir ynsan özüni bagtly hasaplaýar. Mugallymyň jemgyýetde tutýan orny ýokarydyr.

Bilim işgärlerine döredijilikli işlemek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

 

Dünýä GAÝYPGULYÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň

51-nji orta mekdebiniň mugallymy,

Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar