Ýaňy-ýakynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýetilen belent sepgitleri çeper beýan etmek, çeper söz sungatynyň üsti bilen Garaşsyz Watanymyza, Berkarar zamanamyza, bagtyýar türkmen halkymyza bolan has çuň söýgini döredýän, kämil, döwrebap alypbaryjylary-ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olaryň geljekde sahna ussatlary bolup ýetişmeklerine giň ýol açmak, şeýle-de, türkmen halkynyň gadymyýetden bäri dowam edip gelýän suhangöýlik sungatynyň hazynasyny has-da baýlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi etrabyň medeniýet bölümi bilen bilelikde, 12 – 25 ýaş aralygyndaky oglanlaryň we gyzlaryň gatnaşmagynda, «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – bagtdyr» atly medeni-köpçülik çäreleriniň alypbaryjylarynyň arasynda hünär ussatlygy boýunça bäsleşik geçirdi. Oňa etrabyň çägindäki zehinli ýaşlaryň 17-si gatnaşdy.
Ýaş alypbaryjylar bäsleşigiň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan işleri, gadymy ata-babalarymyzyň geçen gahrymançylykly ýollaryny, döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten derejelerini çeper sözüň üsti bilen wasp etmek, medeni-köpçülik çäreleriniň, baýramçylyk konsertleriniň, bäsleşikleriň we beýleki dabaralaryň alyp barlyşyny ussatlyk bilen görkezmek, görnükli şahyrlaryň goşgularyndan bir sanysyny labyzly okamak, çäräniň dowamynda emele gelen duýdansyz ýagdaýlardan alypbaryjynyň baş alyp çykyş ussatlygyny görkezmek, haýsy-da bolsa bir baýramçylyk telegepleşiginde habarçynyň baýramçylyk çäresine gatnaşyjydan söhbetdeşlik alýan pursadyny görkezmek şertleri boýunça bäsleşdiler.
Bäsleşigiň emin agzalary onuň şertlerine laýyklykda, ýaş alypbaryjylaryň dil, sahna we lybas medeniýetine, edebi diliň kadalaryny berjaý edişine, şahandazlygyna, ugurtapyjylygyna, sahnada özlerini alyp barşyna baha berdiler. Ýaş alypbaryjylaryň 6-sy, ýagny, Gubadag şäher medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi Atageldi Gazakow, Babadaýhan geňeşliginiň Daýhanazat oba medeniýet öýüniň çeper höwesjeňi Arzuw Baýmyradowa, Çowdur geňeşliginiň Tommakýap oba medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi Joşgun Çäşembaýew, Amyderýa geňeşliginiň Öküzýap oba medeniýet öýüniň çeper höwesjeňi Käbejemal Muhamedowa, 10 ýyl Abadanlyk geňeşliginiň Gökleň oba medeniýet öýüniň müdiri Merdan Gurbandurdyýew, 10 ýyl Abadanlyk geňeşliginiň Gökleň oba medeniýet öýüniň çeper höwesjeňi Nurana Arslanbegowa dagylar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip, yglan edildiler hem-de onuň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa işjeň gatnaşanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşiniň hem-de Boldumsaz etrap medeniýet bölüminiň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Parahat SABIROW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.