PIKIR ET WE ŞÜKÜR ET!

       Şükür etmegiň manysy: dabanyňdan depäňe çenli Allanyň beren nygmatlaryna çümüp oturan bolsaň, bu nygmatlary bereniň Alladygyny ýadyňdan çykarmazlykdyr. Siz Ýaradanyň beren nygmatlaryny sanap, soňuna ýetip bilmersiňiz: beden saglygy, ýurt asudalygy, saçagyňda iýip-içgiň, süňňüňde egin örtgüň barlygy, dem alara howa, ganara suw tapdyrýan bolsa, dünýäniň wajyp nygmaty seniň eliňde eken, sen bolsa bu zatlary duýmaýarsyň. Sen ýaşap ýörsüň, ýöne özüňde bar zadyň gymmatyny bilmeýärsiň, «Allatagala sizi aýdyň we pynhan nygmatlar bilen bezedi: iki gözüň bar, bir diliň, iki dodagyň bar, iki eliň, iki aýagyň bar – «Siz Allanyň beren haýsy nygmatyny görmezlige salýarsyňyz?». Aýaklaryň bilen ýöräp gidibermek aňsat meselemi, kyn zat däldir, ýöne eger aýaksyz galan bolsa, alajy näme? Tirsekleriňe daýanyp, garyňa galarsyň, eger gollaryň kesilen bolsa näme? Sen dünýäni unudyp, gözleriňi ukudan gandyrýansyň, aladasy, agyrysy başdan agyp, ukusy gözden uçanlar näme? Işdämenlik bilen iýýän naharyň, ganyp içýän sowuk suwuň nygmat dälmi, ol ýerde duz dadyp bilmän, dert-yza zerarly işdäsi tutulyp, bogazyndan bir damja suw geçmeýänler bar ahyry?! Gulagyň eşidip duranlygyny ýadyňa sal, Alla seni kerlik, güňlük keselinden aman saklap ýör. Gözüň görüp durandygy hakda pikir et, Alla seni körlük apatyndan gorap ýör. Sagdyn süňňüňe seret, Alla seni pislikden, heýwereden abat saklap ýör. Akyl-huşuňa, aňyňa göz aýla, Alla seni öz akylyňda, öz aýagyňda saklaýar, däli-mejnun, akylyndan azaşan etmändir ahyry. Bir gözüňe derek daglar ýaly altyn hödürleseler çalşarmydyň? Eşidiş ukybyňa derek gowak doly kümüş teklip etseler satarmydyň? Diliňe derek bag-bossanly, gül-çemenli köşkleri satyn alyp, lal galasyň gelermi? Gatbar-gatbar merjen monjuklara, dür dänelerine derek golak galasyň gelermi? Sen şeýle bir bol-telki nygmatyň, jan saglygynyň içinde ýaşaýarsyň, ýöne bu zatlara ähmiýet bermeýärsiň. Elmydama aladaly, ünjüli, gaýgy-gamly, tukat gezip ýörsüň. Saçagyňda ýyly çörek, howzuňda sowuk suw, düşegiňde rahat uky, süňňüňde saglyk barka, özüňde ýok ýa-da elden gideren zatlaryň hakda uly pikir edip, özüňde bar zatlar üçin şükür etmeýärsiň. Eliňde bagtyň açary, haýyrly işleri bitirmäge ukybyň, akylyň, Alla tarapyndan berlen zehiniň we ýene-de bähbitli birnäçe zatlar barka, maddy ýitgiler üçin ynjalykdan gaçýarsyň. Pikir et we şükür et! «Hatda özüňizde hem bihasap nygmatlar bardyr, siz ony henizem göreňzokmy, duýaňzokmy?». Özüň hakda, maşgalaň, çagalaryň, öýüň, iş-amalyň, saglygyň, dostlaryň, töweregiňde öz dünýäň barlygyny akylyňa aýla we şükür et! «Allanyň nygmatlaryny bilip, soňra ony unudýan» adamlardan bolma!

 

Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,

«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 7 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 398 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 386 okalan

KESIR