MILLI «AK BUGDAÝ» MUZEÝINDE GEÇIRILEN SÖHBETDEŞLIK

       Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň guramagynda Änew şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýinde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.

       Söhbetdeşligi TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri Annamuhammet Gulow alyp bardy. Çykyşlarda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly üstümizdäki şanly ýylda bu gadymy, baý taryhly şäherde birnäçe iri çäreleriň geçiriljekdigini, şol çärelere welaýatyň bagtyýar ýaşlarynyň hem uly taýýarlyk görýändiklerini belläp geçdiler. Şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyna salgylanyp, gadymy Änewiň baý taryhy dogrusynda, dünýäniň taryhynda Änew medeniýetiniň ady ak bugdaýyň ilkinji Watany hökmünde şöhratlanýandygyny çykyş edenler aýratyn belläp geçdiler.

       Söhbetdeşligiň barşynda ýurdumyzda ýaşlar hakda edilýän aladalar, ýaşlaryň oňat bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, ylym bilen meşgullanmaklary, netijeli, döredijilikli zähmet çekmekleri ugrunda döredilýän şertler dogrusynda hem durlup geçildi. Täsirli geçen söhbetdeşlige gatnaşanlar halkymyzy eşretli durmuşa ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Mähri GURDOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA