MAŞGALAM — BERK BINÝADYM

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdymyzda maşgala gymmatlygyna uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda asylly ýörelgeler şöhratly pederlerimizden dowam edip gelýär. Çünki döwletiň, jemgyýetiň ösüşi, özgerişi ilkinji nobatda ony düzýän maşgaladan gözbaş alýar. Çeper edebiýatlardan, taryhy ýazgylardan hem görnüşi ýaly, merdana gerçeklerimiz milletimiziň müňýyllyklarynyň dowamynda maşgala ojagyny mukaddeslik saýyp, onuň binýadyny berkden gurulmagyna uly üns beripdirler. Özgerýän ýurdymyzyň berk binýatly beýik döwlet bolmagynda maşgala ojaklarynyň berkligine ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen maşgalalary bu gün bagtyýarlygyň goýnunda bolelinlikde ýaşaýarlar. Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde bagtdan paýly milletimiz üçin maşgalanyň jebisligini, agzybirligini üpjün edýän şertler döwrüň talaplaryna laýyklykda we milli kanunçylyk esasynda kämilleşdirilýär. Ýurdymyzyň raýatlarynyň arasynda maşgalanyň berkligini üpjün etmek maksady bilen alnyp barylýan netijeli işleri durmuşa ornaşdyrmakda, geçirilýän çäreleri wagyz etmekde Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan netijeli işler alnyp barylýar.

Ýakynda Köýtendag etrap Dostluk medeniýet bölüminde «Maşgalam — berk binýadym» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy hem hut şu meselä bagyşlandy. Oňa ýaşuly nesliň wekilleri, zähmetkeşler, etrabymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylar özleriniň çykyşlarynda maşgalanyň jebisligine, berkligine, agzybirligine, onda zenanyň ornunyň uludygyna ünsi çekip, buýsançly we täsirli gürrüňlerini diňleýjilere ýetirdiler. Şeýle hem çykyşlarda bagtyýar zamanamyza maşgalanyň agzybirligini berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, ilaty durmuşyň ähli zerurlyklary bilen gurşap almak ugrunda edilýän aladalar üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyşlar aýdyldy.

 

Göwher MÖWLÝAMOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

 

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2024 | 2 okalan

KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR

02 Iýul 2024 | 1 okalan

SUNGATYMA SARPAM BAR

28 Iýun 2024 | 26 okalan

GALLAÇYLARYŇ ÝARDAMÇYLARY